Marvel kompaniýasy (Disney-e degişli) “Ar alyjylar” franşizasynyň doly derejeli hukuk eýesi bolmak isleýär. Munuň üçin kompaniýanyň aklawçylary Demir adam, Möý adam, Gara dul, Tor we beýleki meşhur gahrymanlar hakynda komiks döredijileriň mirasdüşerlerine garşy birnäçe arza berdiler diýip, “The Hollywood Reporter” neşiri habar berýär. Muny kommersant.ru ýetirýär.
Arzalar Kaliforniýanyň we Nýu-Ýorkuň kazyýetlerine iberildi.Marvel komiksleriň ähli gahrymanlarynyň iş şertnamasy esasynda döredilendigini, şonuň üçin olary döredijileriň we olaryň mirasdüşerleriniň awtorlyk hukugyny alyp bilmejekdigini nygtaýar.Neşiriň bellemegine görä, komiksleri döredijileriň mirasdüşerleriniň käbiri eýýäm gahrymanlara bolan hukuklary yzyna almaga synanyşdylar.
Hususan-da, awgust aýynda Möý adamy döreden ýazyjy we suratkeş Stiw Ditkonyň mirasdüşerleri degişli haýyş bilen ýüz tutdular.Eger-de kazyýet talapkärleriň tarapynda dursa, Marvel 2023-nji ýylyň iýun aýynda gahrymanlara bolan hukuklardan ýüz öwürmäge mejbur bolar.
Şeýle-de, kompaniýa öňki işgäri we Sten Liniň dogany Larri Liber (Demir adamy, Tory, Lokini, Garynja adamy döredijileriň biri), komiksleriň suratkeşleri Jin Kolanyň, Don Hekiň, Don Rikonyň garyndaşlaryny kazyýete bermek isleýär.
Neşiriň belleýşi ýaly, Marvel utulan ýagdaýynda-da kärdeş hökmünde gahrymanlara bolan hukuklaryň, iň bolmanda, bir bölegini saklap galmak isleýär, ýöne studiýa komiksleriň awtorlarynyň galan mirasdüşerleri bilen girdejini paýlaşmaly bolar.
Ýatlap geçsek, iýul aýynda aktrisa Skarlett Ýohansson “Gara dul” filminiň kinoteatrlarda we striming hyzmatynda bir wagtda görkezilendigi üçin Disney-iň üstünden arza berýär. Onuň aýtmagyna görä, şertnama premýeranyň diňe kinoteatrlarda bolmagyny göz öňünde tutupdy. Disney aktrisanyň eýýäm tölenen 20 mln dollaryň üstüne goşmaça serişde alandygy üçin bu şikaýaty esassyz diýip hasaplaýar.