Marvel Gara panteranyň dowamynyň jemleýji treýlerini görkezdi

Marvel Gara panteranyň dowamynyň jemleýji treýlerini görkezdi

Marvel Studios kompaniýasy ýakynda görkeziljek Gara pantera: Wakanda ebedi filminiň jemleýji treýlerini çap etdi. Filmiň dünýä görkezilişi 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda bolar.

Gysga rolikde super gahrymançylykly filmiň esasy hereket edýän gahrymanlary görkezildi, onda baş keşplerde Letişa Raýt, Lupita Niongo, Danaý Gurira we Uinston Dýuk dagy oýnaýarlar.Režissýory ýene Raýan Kugler boldy. 2018-nji ýylda Gara panteranyň asyl nusgasynda T'Çalluwyň keşbini ýerine ýetiren Çedwik Bouzman sikwele gatnaşmaz. 2020-nji ýylda aktýor rak bilen keselläp ýogalypdy.

Filmde görkezilýän käbir binalaryň öňüni bezeýän onuň ýüzi çekilen graffitler täze filmiň awtorlarynyň Bouzmana goýan hormatyndan nyşandyr. 2020-nji ýylyň dekabrynda Wakanda ebediniň döredijileriniň Bouzmanyň ornuny tutjak adamy gözlemek niýetleriniň ýokdugy mälim boldy. Şonda Marvel studiasynyň ýolbaşçysy Kwin Faýgi filmde esasy ünsüň birinji bölümiň dowamyna we beýleki gahrymanlaryň sýužet liniýalarynyň ösüşine berilýändigini düşündirdi.

Gara pantera: Wakanda ebedi filminiň birinji treýleri iýulyň ahyrynda çykdy.Ilkinji gije-gündiziniň dowamynda rolik YouTube-da 17 mln tomaşa jemledi, tizeriň tomaşaçylarynyň umumy sany 172 mln adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Barak Obama “görnükli gürrüňçi” hökmünde “Emmi” baýragyny aldy
Loki People Choice Awards 2021 tarapyndan iň gowy teleserial diýlip saýlandy
Türkmen atlary at çapmak boýunça okuwlara çagyrýar, Türkmen howa ýollary halkara uçuşlaryň tertibini köpçülige ýetirdi, Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň halkyna gynanç bildirdi
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Rumyniýanyň täze bellenen Ilçisi bilen duşuşdy