Marsda uly ýerasty buzluklar tapyldy

Marsda uly ýerasty buzluklar tapyldy

Ýewropaly alymlar Marsda uly ýerasty buzluklary tapdylar diýip, 24KZ ýazýar. Gyzyl planetanyň ekwator guşaklygyndan tapylan ýerasty buz gatlagy 300 metr töweregi çuňlukda ýerleşip, daşlar we gatlaklar bilen örtülendir. Buz gatlagyň galyňlygy 4 kilometr töweregi.

Hünärmenler buzlugyň bütin planetany çuňlugy üç metr bolan umman bilen örtmage ýetjekdigini aýdýarlar.

Buzluk Marsda soňky üç milliard ýylda doňan ýanardag ergininden emele gelipdir, soňra onuň üsti ýanardag külüniň galyň gatlagy bilen örtülipdir.

Ýene degişli makalalar

Müsüriň kenar ýakasynda 31 jahankeşdeli gämi gark boldy
Gyzyl deňizde syýahatçylary daşaýan gämi batdy
Spaýs X Starşip synag uçuşynda ýaryldy
Ýyldyz oýunçy Ýewropa bilen hoşlaşdy
Mars roboty ýalňyşlyk bilen açyş etdi
Gras hoşboý ysly gülleriň şäheri
Pons ilkinji kometasyny açýar