Marsda suwuň we şemalyň bolandygy barada täze subutnamalar tapyldy

Marsda suwuň we şemalyň bolandygy barada täze subutnamalar tapyldy

Hytaýdan, Kanadadan we Germaniýadan bolan halkara alymlar topary Zhurong marsgezeriniň kömegi bilen Marsda suwuň we şemalyň bolandygynyň täze subutnamalaryny ele saldylar. Barlaglaryň netijeleri Nature Geoscience ylmy neşirinde ýerleşdirildi. Bu barada Lenta.ru habar berdi.

Zhurong gezeri Marsa 2021-nji ýylyň maýynda gondy, ol şondan bäri planetanyň demirgazyk ýarymşaryndaky Utopiýa düzlüginde 450 metr ýol geçdi. Hünärmenler indi bu ýeriň öň suwdan doly bolandygyny çaklaýarlar.

Marsgezeriň surata düşüriji enjamyndan alnan maglumatlar onuň gezen ýeriniň ýeterlik tekizdigini, azajyk daş bölekleriniň duşýandygyny görkezdi, alnan suratlarda daşlaryň ýüzünde uly bolmadyk yzlar görünýär, olary şemal ýonan bolsa gerek. Käbir ýerlerde suwuň eroziýasynyň yzlary duş gelýär.

Marsyň üstünde Zemindäki çägelik depeleriň bolmagy olaryň şemal tarapyndan döredilen bolmagyny çaklamaga esas berýär. Emma alymlar indi şemal bu planetada ýok bolsa gerek diýip hasaplaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Dünýädäki agaçlaryň üçden bir bölegine ýok bolmak howpy abanýar
Alymlar uçýan robot-garga döretdiler
Äpet buz döwüler
Alymlar howadan ýangyç öndürýän enjam döretdiler
Tueýts buzlugy öz ýerinden gozganar
Arktiki köller guraýar
Arktiki köller howanyň üýtgemeginden guraýarlar