Mars Günüň aňrysynda “bukuldy”

Mars 11-nji noýabrda Günüň aňry tarapyna geçip, “ýitdi”. Şeýlelikde, orbitadaky aýlawynyň dowamynda Ýerden iň uzaga gitdi.Iki ýyl töweregi wagtdan gaýtalanýan bu kosmiki hadysa “Mars-Gün duşuşygy” diýilýär.

Birnäçe gün dowam edýän bu hadysanyň dowam edýän wagty Gyzyl planeta bilen bagly gözleg işlerini togtadylýar, ol ýerdäki enjamlar bilen aragatnaşyk kesilýär.NASA Günden çykýan gyzgynlygyň we gazyň Ýerden iberilýän radio signallaryny bozýandygyny aýdyp, 25-nji noýabrdan başlap Marsdaky enjamlar bilen aragatnaşygyň ýola goýuljakdygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Mars roboty ýalňyşlyk bilen açyş etdi
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde
Uçurylyş yza süýşürildi
NASA Marsda bir ýyllyk durmuş synagyny tamamlady
Marsyň çuňluklarynda gizlin ummanlar tapyldy
NASA başga planetalylar üçin niýetlenen nyşanyň dizaýnyny tanyş etdi
Ýere ýakyn asteroid açylýar