Marokkonyň taryhy ýeňşi, ispanlar öýlerine dolanmaly boldy

Katar 2022-de 1/8 final duşuşyklarynyň diňe birinde garaşylmadyk netije hasaba alyndy.Al Raýýandaky “Education City” stadionynda oýnalan duşuşykda Marokko bilen Ispaniýanyň ýygyndylary duşuşdylar. Çekeleşikli geçen oýnuň esasy wagtynda hasap açylmady.

Goşmaça berlen 30 minutda-da iki tarap hem howply pursatlar döretseler hem ýene-de hasap üýtgemedi.Netijede, penalti urgulary ýeňijini kesgitlemeli boldy.Bu urgularyň ilkinji ikisinde marokkoly futbolçylar Sabiri bilen Ziýeş topy derwezä girizmegi başardy.

Ispaniýanyň PSŽ-de oýnaýan futbolçylary Sarabiýa bilen Soleriň urgulary bolsa takyk bolmady.Marokkonyň 3-nji urgusyny Benun ýerine ýetirdi, ýöne derwezeçi Simon topy saklamagy başardy.Ispaniýada topuň başyna geçen kapitan Busketsiň urgusyny derwezeçi Bunu saklady. 4-nji urgyny ýerine ýetiren marokkoly ýyldyz oýunçy Aşraf Hakimi topy dürs urdy.

Netijede, penaltilerde 3-0 öňe saýlanan Marokko taryhynda ilkinji gezek çärýek finala çykmagy başardy.Marokkonyň ýygyndysy çärýek finala çykan 4-nji Afrika wekili boldy.Marokkodan öň 1990-njy ýylda Kamerun, 2002-nji ýylda Senegal hem-de 2010-njy ýylda Gana çärýek finala çykypdy.

Ispaniýanyň ýygyndysy çempionlykdan soň 3-nji gezek hem çärýek finala çykyp bilmedi.Ispaniýanyň ýygyndysyna uly ýaryşlaryň çäginde soňky 5 pleý-off duşuşygyny adaty wagtda ýeňiş bilen tamamlamak başartmady.

Olar 4 ýyl öňki ýaryşda-da ýer eýeleri Russiýadan penaltileriň netijesinde asgyn gelipdi. 4-nji gezek penaltileriň netijesinde ýaryşdan çykyp bu ugurda antirekord goýan Ispaniýanyň ýygyndysy Şweýsariýadan soň penaltilerden gol geçirip bilmedik 2-nji ýygyndy boldy.

Ýene degişli makalalar

Aliýew Fransiýa Reaksiýa Bildirdi
BRIKS-e goşulmaga 23 ýurt isleg bildirdi
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy
Günorta Afrikada BRIKS sammiti açylýar
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
16 duşuşyk 48 gol