Marokkoda täze hökümet düzüldi

Marokkoda täze hökümet düzüldi

Marokkonyň Patyşasy Muhammet VI liberal we konserwator partiýalaryň koalisiýasyndan durýan we işewür-milliarder tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän täze hökümetiň düzümini belledi, bu hakynda “Maghreb Arabe Presse (MAP)” habarlar gullugy habar berdi.

Hökümet başlygy Aziz Ahannuşyň “Milli garaşsyzlaryň mitingi” partiýasyndan düzülen täze hökümet 24 ministrden ybarat, olaryň 7-si zenanlardyr.

Zenan ministlerden Nadýa Fetti Alaui öň turzim ministridi, indi ol täze hökümetde Marokkonyň maliýe ministriniň kürsüsine eýelik eder.

Ahannuş Marokkonyň iň baý adamlarynyň biri bolup, geçen aýda kanunçykaryjy edaralara geçen saýlawlarda onuň partiýasy öňdeligi eýeledi. Ol yslam partiýasyna ýolbaşçylyk eden Saad Eddin El Osmanini çalyşdy.

Täze koalisiýa RNI we “Asyl nusgalylyk we häzirki zaman” hem-de “Istiklýal” konserwatiw partiýalary girýär.

Marokkoda doly häkimiýetlilik korola degişlidir. Muhammet VI 8-nji sentýabrda Ahannuşy hökümet başlygy wezipesine belläp, oňa täze Ministler Kabinetini düzmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Marokko orta asyr mähellelerini abatlamak üçin 800 million dollar sarp etdi
Marokkoda ICESCO-nyň meýdançasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçirildi
KITAPHANA SYNY
Marokkoda Ysraýyla Garşy Ýöriş Geçirildi
Baýden Keniýany “NATO Agza Bolmadyk Esasy Hyzmatdaş” Hökmünde Yglan Etdi
Mundan 300 müň ýyl öň ýaşan adamyň keşbi dikeldildi
Kosatkalaryň nämüçin gämilere hüjüm edýändikleriniň sebäbi anyklandy