Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde Bütindünýä yslam ýurtlarynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) ştab-kwartirasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça çärelere gatnaşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, çäreler Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ICESCO-nyň Baş direktoraty we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş Sekretariaty (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde guraldy.
Günüň birinji ýarymynda M.Bäşimowanyň ICESCO-nyň Baş direktory doktor Salem Bin Mohammed Al Malik bilen duşuşygy boldy. Taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde medeni diplomatiýanyň ähmiýetini nygtadylar.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan dabarada oňa gatnaşyjylara türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.
Soňra türkmen we daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini hemmetaraplaýyn öwrenmek üçin bilelikdäki tagallalar atly ylmy-amaly maslahatyň açylyşy boldy.
Maslahaty açmak bilen, ICESCO-nyň Baş direktory doktor Salem Bin Mohammed Al Malik Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ynsanperwer mazmunynyň tutuş adamzat üçin, esasan hem Yslam dünýäsi üçin aýratyn ähmiýetini nygtady.
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Soltan Raýew bu wakalaryň umumy gymmatlyklar arkaly halklaryň ýakynlaşmagyna itergi berýändigini nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetiniň goldawy esasynda TÜRKSOÝ-yň türkmen halkynyň milli özboluşlylygyny ýaýratmagy maksat edinýän köptaraplaýyn taslamalary durmuşa geçirýändigini we geçirmegi dowam etdirjekdigini belledi.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşynda ICESCO-nyň we TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçylaryna bu çäräni ýokary derejede gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we Magtymguly Pyragynyň bütin dünýäde hormatlanmagynyň tutuş adamzat üçin onuň ähmiýetini ýene bir gezek tassyklaýandygyny nygtady.
Şeýle hem bu ýerde edilen çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň mirasyny hem-de ylym-bilim we medeni ugurlarda ikinji orunda durýan ICESCO-nyň platformasyndaky işini wagyz etmekde çäräniň ähmiýeti bellenildi. Mysal hökmünde Gadymy Köneürgenç şäherine baryp, türkmen halkynyň baý medeniýeti bilen tanyşan Marokkoly alym Abu Abdullah Muhammet ibn Battutanyň eserleri bellenildi.
Maslahat tamamlanandan soň türki dünýäsiniň medeniýet we sungat ussatlarynyň gala konserti geçirildi diýlip, habarda bellenilýär.