
Marokkonyň Saglygy goraýyş ministri Emin Tehrawi gyzamyk sebäpli 120 adamyň ýogalmagyndan soň epidemiýanyň öňüni almak üçin ýörite iş meýilnamasynyň taýarlanandygyny habar berdi.
Premýer-ministrlikden berlen beýannama görä, hökümet geňeşi, Saglygy goraýyş ministrliginiň soňky görkezijilerine görä, 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri gyzamyk sebäpli 120 adamyň ýogalmagyndan we 25 miň adamyň bellige alynmagyndan soň paýtagt Rabatda bir ýere jemlenişdi.
Saglygy goraýyş ministri Tehrawi, ministrligiň gyzmagyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin milli sanjymlama kampaniýasynyň depgininiň güýçlendirilmegi we möhlediň uzadylmagy ýaly dürli çäreleri öz içine alýan iş meýilnamasyny taýarlandygyny aýtdy.
Ministr Tehrawi, sanjymlama kampaniýasynyň çäginde 18 ýaşyndan kiçi 8 million çaga sanjym edilendigini nygtady.
Marokkonyň Bilim ministrligi hem gyzamagyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin 3-nji fewralda mekdeplerde sanjymlama kampaniýasyny başladypdy.