Marokkoda Bolan Ýer Titremede 50 Müň Öý Ýykyldy

Marokkoda Bolan Ýer Titremede 50 Müň  Öý Ýykyldy

Marokkonyň Şalyk Diwanyndan berilen ýazmaça beýannama görä ýer titremede ejir çekenlerin ýaşaýyş zururlyklarynyň kanagatlandyrylmagy we degişli kömegiň ýetirilmegi boýunça adatdan daşary ýagdaý maksatnamasynyň iş ýüzüne geçirilmegi üçin Şa Muhammet 6-njynyň ýolbaşçylyk etmeginde maslahat geçirildi.

Ýer titremede zyýan çeken 5 sewitde 50 müňe barabar öýüň dolulygyna ýa-da bölekleýin ýykylandygyna üns çekilýän beýannamada, döwletiň ýer titremede zyýan çeken maşgalalara 30 müň dirheme (3 müň Amerikan dollary) barabar gyssagly kömek berjekdigi nygtalýar.

Beýannamada “doly ýykylan öýler üçin 140 müň dirhem, bölekleýin ýykylan öýler üçin 80 müň dirhem gönüden maliýe kömeginiň beriljekdigi” habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Marokkoda Sil Sebäpli 8 Adam Ýogaldy
Futbol boýunça dünýä çempionaty ilkinji gezek üç yklymda bilelikde geçiriler
Sport teleýaýlymy Merwiň we Altyn asyryň AFK kubogyndaky oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer, türkmenistanly zehinler Delfi oýunlaryna gatnaşarlar, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Aşgabat şäherine geldi we beýleki habarlar
FIFA 2030-njy ýyldaky Dünýä Kubogyny 3 yklymda, 6 ýurtda geçirer
Marokkoda Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany Artdy
Türkmenistanyň banklary Russiýanyň walýuta söwdalaryna gatnaşyp bilerler