Marokkoda bolan dört aýry partlamada bir adam ýogaldy

Marokkoda bolan dört aýry partlamada bir adam ýogaldy

Marokkonyň resmi MAP habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Sahara sebitinde ýerleşýän Samara şäherinde sebäbi entek anyklanmadyk 4 aýry partlama boldy.

Şäheriň tapawutly etrapçalarynda bolan 4 aýry partlamada 1 adam ýogaldy, 3 adam hem ýaralandy.

Marokkonyň 1975-nji ýylda Ispaniýanyň koloniýasynda bolan Günbatar Sahara sebitini öz territoriýasynyň çägine goşmagyndan soň, Alžiriň goldaw bermegindäki garaşsyzlyk tarapdary bolan Polisario fronty bilen resmi Rabatyň arasynda başlan dartgynlyk häzirki wagtda hem dowam edýär.

Marokko sebitiň öz gol astynda galmagynyň gerekdigini aýdýan bolsa, Polisario fronty Günbatar Sähranyň garaşsyz döwletdigini öňe sürýär.

Ýene degişli makalalar

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Sahara çölüne sil geldi
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy
SÄHRAÝA AŞYK BOLMUŞAM
Aliýew Fransiýa Reaksiýa Bildirdi
9 Aýda Stambul Şäherine 13 Million 156 Müň 209 Syýahatçy Geldi