Marokkonyň Daşary işler ministri Nasyr Burita, ýurdunyň Türkiýe bilen edýän gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy üçin tagalla edýändiklerini nygtady.
Marokkonyň Daşary işler ministri Nasyr Burita, Marakeş şäherinde 76 döwletiň we halkara guramanyň wekiliniň gatnaşmagynda geçirlen DAEŞ-e garşy göreş maslahatyna gatnaşmak üçin Marokko giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşdy.
Burita bilen Çawuşogly özara duşuşykdan soň metbugata beýannnama berdi.
Marokkonyň Daşary işler ministri Nasyr Burita beýannamasynda “Marokkonyň Şasy Muhammed VI bilen Prezident R. T. Erdoganyň görkezmesine laýyklykda Türkiýe bilen edilýän gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin tagalla edýäris” diýdi.
Mewlüt Çawuşogly bilen şol çäkde hyzmatdaşlyk mehanizimleriniň iş alyp barmagy meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny nygtan Burita, ýakynda Türkiýä resmi sapar gurajakdygyny ýatlatdy.