Marokka bilen sionist režimiň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin şertnamasy

Marokka bilen sionist režimiň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin şertnamasy

Donald Trump penşenbe güni ,twitter sahypasynda eden çykyşynda ,Marokka bilen Sionist režimiň doly diplomatik gatnaşyklar barada ylalaşyk gazandyklaryny mälim etdi.

Şol bir wagtyň özünde, Marokka, ýakyn wagtda sionist režim bilen gatnaşyklarynyň kadalaşýandygyny tassyklady. Marokkanyň koroly muny taryhy waka hökmünde bilip we ABŞ-nyň Günbatar Saharada Marokkanyň dolandyryşyny ykrar edendigini habar berdi. Marokka Patyşalygynyň kazyýeti hem ABŞ-nyň Marokka bilen Ysraýylyň gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak şertnamasynyň çäginde ýakyn wagtda Günbatar Saharada konsullyk açjakdygyny mälim etdi.

Marokkanyň Ysraýyl bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak synanyşygy, aslynda Palestina meselesine dönüklik etmek Yslam dünýäsinde we hatda Marokkada hem negatiw reaksiýa döretdi.

" Marokka Watch" guramasynyň başlygy "Ahmad Wyhman" Marokkanyň sionist režimi bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyna jogap edip: " Marokka halky palestina halkynyň idealyny milli mesele hasaplaýar we kadalaşmagy dönüklik hasaplaýar" -diýdi.

Donald Trumpyň prezidentlik eden döwründe Amerikanyň Birleşen Ştatlary Sionist režimiň peýdasyna görlüp-eşidilmedik pozisiýalary we çäreleri gördi.Bularyň arasynda Trump administrasiýasynyň Ysraýylyň Waşingtonyň arap ýaranlary tarapyndan ykrar edilmegi ugrundaky tagallalary bar. Şol bir wagtyň özünde, bu maksada ýetmek we Tel Awiw we ABŞ-daky sionist lobbilerine ygrarlydygyny görkezmek üçin, Trump indi Marokkany Ysraýyl bilen gatnaşyk gurmaga ynandyrmak üçin görlüp-eşidilmedik ädim ätmäge taýyndyr.

Bu ädim, Günbatar Saharada Marokkanyň dolandyryşyny ykrar edilmegidir.

Günbatar Sahara, 1974-nji ýylda Ispaniýanyň kolonizasiýasy gutarany bäri Marokka hüjüminiň astynda galan Afrikanyň demirgazyk-günbataryndaky sebitdir.Polisario fronty Günbatar Saharadaky syýasy-harby guramadyr.Bu hereket 1973-nji ýylda Günbatar Saharada garaşsyzlyk gazanmak maksady bilen Ispaniýanyň kolonial dolandyryşyna garşy topar hökmünde döredildi. 1976-njy ýylda ispanlar yza çekilenden soň, Polisario öňki Ispaniýa koloniýasynda Sahara Arap Demokratik Respublikasyny döretdi, Ispaniýanyň Günbatar Saharany Marokka bilen Mawritaniýanyň arasynda bölmek baradaky hereketine garşy çykdy.

Mawritaniýa we Polisario 1979-njy ýylda ýlalaşyga ýetdiler we Sahara respublikasynyň günorta bölegini Wadi al-Dhahab-ny,Sahara respublikasyna berdiler , emma Marokka , Al-Sakiýa Al-Hamra ady bilen tanalýan Saharanyň demirgazyk bölegini basyp alyp, özüne birikdirdi. Şondan bäri Polisario fronty Marokka garşy çykýar.

Indi Trump Günbatar Saharany Marokkanyň bir bölegi hökmünde ykrar edensoň,bu iş Günbatar Saharany Marokka biridirmek meselesinde uly ädim hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, Polisario Trumpyň hereketiniň bikanundygyny aýtýar.

Ýene degişli makalalar

Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy
Sahara çölüne sil geldi
10-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Marokkoda bolan dört aýry partlamada bir adam ýogaldy
Goranyş Senagatyndaky Garaşsyz Ösüş Bütin Dünýäde Ünsleri Çekýär
Oba hojalygyndaky düýpli özgertmeler
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde adamlaryň sany 11 müň 100 adamdan geçdi