Markesiň 50-nji ýeňşi

Moto GP boýunça möwsümiň 10-njy ýaryşy Çehiýada geçirildi. Ýurduň Brno şäherindäki “Masarik” trassasynda geçirilen ýaryşda “Honda” toparynyň ispan sürüjisi Mark Markes ýeňiş gazandy.Ol ilkinji hatardan başlan 20 aýlawlyk ýaryşy 39 minut 24,430 sekuntda geçip, möwsümdäki 6-njy, karýerasyndaky 50-nji ýeňşini baýram etdi. Şunlukda, 26 ýaşyndaky Mark Markes Moto GP-de 50 gezek ýeňiş gazanan 4-nji sürüji boldy.

Bu ugurda 89 ýeňiş bilen italiýaly rowaýaty sürüji Walentino Rossi 1-nji, başga bir italýan türgen Jakoma Agostini 2-nji (68) hem-de Mik Duhan 3-nji (54) hatarda barýar. Çehiýada geçirilen ýaryşda “Ducati” toparynyň sürüjileri italiýaly Andrea Dowizioso bilen awstraliýaly Jek Miller degişlilikde, 2-3-nji ýerleri eýelediler. Ýeri gelende aýtsak, Çehiýa “Gran Prisinde” Moto2 ýaryşynda-da Mark Markesiň inisi Aleks Markes ýeňiş gazandy. “Kalex” toparynyň sürüjisi Aleks Markes hem agasy ýaly Moto2-de öňdäki orny eýeleýär.Geçirilen 10 ýaryşdan soň, utugyny 210-a ýetiren Mark Markes barha arany açýar. 147 utukly Andrea Dowizioso bilen 129 utuk toplan Danilo Petruççi 23-nji orunlary eýeleýärler.

Möwsümiň indiki ýaryşy 11-nji awgustda Awstriýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Petruççiniň ilkinji ýeňşi
Winýalesiň birinji ýeňşi
SPORT GYSGA SETIRLERDE
Petruççiniň ilkinji ýeňşi
Soňky öwrümde öňe saýlandy
Markesiň öňdeligi dowam edýär