Moto GP boýunça dünýä çempionatynyň möwsümdäki 12-nji ýaryşy Beýik Britaniýa “Gran Prisinde” ispaniýaly Aleks Rins ýeňiş gazandy. “Suzuki Ecstar” toparynyň sürüjisi 5,9 kilometrlik trassada 20 aýlawy 40 minut 12,799 sekuntda geçip, karýerasynda 2-nji sapar 1-nji orny eýeledi. Ýaryşa ilkinji hatardan başlan “Repsol Honda” toparynyň ispan sürüjisi Mark Markes bu gezek hem 2-nji ýere mynasyp boldy.
Ol mundan öňki ýaryşda bolşy ýaly, ýene-de 1 sekuntdan hem (0,013 sekunt) az wagt gijä galdy. Çekeleşikli geçen ýaryşda münberiň 3-nji basgançagyna “Monster Energy Yamaha” toparynyň ispan sürüjisi Mawerik Winýales çykdy.
Ol ýeňijiden 0,620 sekunt yza galdy.Şunlukda, kem-kemden arany açýan Mark Markesiň utuk sany 250-ä ýetdi.Britaniýa “Gran Prisinde” awariýa bolup, ýaryşy tamamlap bilmedik italiýaly Andrea Dowiziosy 172 utuk bilen umumy sanawda 2-nji hatarda barýar.
Gazanan ýeňşinden soň, 3-nji basgançaga beýgelen Aleks Rinsiň 149 utugy bar.Moto GP-de möwsümiň 13-nji bäsleşigi 15-nji sentýabrda San Marinoda geçiriler.