MOTO GP boýunça möwsümiň 14-nji bäsleşigi Ispaniýanyň Aragon awtonom zolagyndaky 5,1 kilometrlik trassada geçirildi. Ýaryşda 3-nji orundan bat alan “Repsol Honda” toparynyň ispan piloty Mark Markes ýeňiş gazandy.
Ol 23 aýlawy 41 minut 55,949 sekuntda tamamlap, şu möwsümdäki 6-njy, karýerasyndaky 41-nji ýeňşini baýram etdi.Ondan 0,6 sekunt yza galan italiýaly Andrea Dowizioso (“Ducati”) 2-nji, ýeňijiden 1,2 sekunt soň, pellehanadan giç geçen başga bir italýan sürüjisi Andrea Iannone (“Suzuki Ecstar”) 3-nji ýeri eýeledi.
Ilkinji hatardan başlan Horge Lorenzo 1-nji aýlawda kiçeňräk awariýadan soň, ýaryşdan çykdy.Şeýlelikde, tamamlanan 14 bäsleşikden soň, 246 utukly Markes çempionlyga barha golaýlap barýar.Italiýaly sürüjiler Andrea Dowizioso (“Ducati”) bilen Walentino Rossi (“Yamaha”) degişlilikde, 174 hem-de 159 utuk bilen 23-nji ýerleri paýlaşýar.
Möwsümiň 15-nji ýaryşy 7-nji oktýabrda Singapurda geçiriler.