Markes arany açýar

Moto GP boýunça möwsümiň nobatdaky “Gran Prisi” Ispaniýanyň Katalonýa sebitiniň Montmelo şäherinde geçirildi. 4,627 kilometrlik trassada “Honda” toparynyň ispan sürüjisi Mark Markes möwsümdäki 4-nji ýeňşini gazandy. 40 minut 31,175 sekunt netije görkezen Markesiň bu ýeňşi karýerasy boýunça 48-nji “Gran Pri” baýragy boldy. Ýaryşda “Yamaha” toparynyň fransuz sürüjisi Fabio Kuartararo 2-nji orna mynasyp boldy.

Ol ýeňijiden 2,660 sekunt yza galdy. 3-nji ýeri “Ducati” toparyndan italiýaly Danilo Petruççi eýeledi.Geçirilen 7 ýaryşdan soň, umumy sanawda Mark Markes birinjiligi saklap gelýär.Ol 140 utuk toplap, arany kem-kemden açyp başlady.

Italiýaly Andrea Diwizioso (“Ducati”) 103 utuk bilen 2-nji, ondan 2 utugy az ispaniýaly Aleks Rins (“Suzuki”) 3-nji ýerde barýar.Möwsümiň indiki ýaryşy Gollandiýanyň Assen şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Petruççiniň ilkinji ýeňşi
Täze çempion
Möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, sanawyň lideri üýtgedi
Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi
Miriň ilkinji ýeňşi
Aragonda Morbidelli ýeňiş gazandy