Markes 5-nji gezek ýeňiji boldy

Moto GP boýunça 2018-nji ýylyň çempiony Ýaponiýa “Gran Prisinde” belli boldy. Ýurduň Motegi şäherindäki adybir trassada geçirilen ýaryşda ýeňiş gazanan “Repsol Hondanyň” ispan sürüjisi Mark Markes bassyr 3-nji, karýerasynda-da 5-nji sapar çempion diýen ady eýeledi.

Möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, çempionlygyny yglan eden Markes 6-njy bolup başlan “Gran Prisinde” 4,8 kilometrlik trassada 24 aýlawy 42 minut 36,438 sekuntda tamamlap, şu ýylky 8-nji, karýerasyndaky 43-nji ýeňşini gazandy.

Ol çempionlygyň beýleki dalaşgäri, 2-nji hatarda barýan italiýaly Andrea Dowiziosodan (“Ducati”) 20-nji aýlawda öňe saýlandy. Şeýlelikde, utuk sanyny 296-a ýetirip, aratapawudy 102-ä çykaran 25 ýaşyndaky ispan piloty 2013-nji, 2014-nji, 2016-njy we 2017-nji ýyllardan soň, 5-nji gezek Moto GP-de dünýäniň çempiony boldy.

Mark Markes Moto GP ýaryşlarynda çempionlyk babatda 3-nji orna geçdi.Häzirki wagtda Moto GP-de italiýaly Jakomo Agostini 8, Walentino Rossi 7 çempionlyk bilen 12-nji ýerleri eýeleýärler.

Galyberse-de, Mark Markes 2010-njy ýylda “125cc”-de, 2012-nji ýylda-da Moto 2-de çempionlyk gazanypdy.Bu ýeňiş onuň umumylykda motor ýaryşlaryndaky 7-nji çempionlygydyr.Ýaponiýa “Gran Prisinde” Markesden 1,5 sekunt az netije görkezen britaniýaly Kal Krutlow (“LCR Honda”) 2-nji, 1,7 sekunt yza galan “Suzuki Ecstar” toparyndan ispaniýaly Aleks Rins 3-nji ýeri eýeledi.

Umumy sanawda 2-nji basgançakda barýan Andrea Dowizioso ýaryşyň tamamlanmagyna 2 aýlaw galanda, kiçeňräk çaknyşykdan soň, bäsleşikden çykdy.Moto GP-de 70-nji möwsümiň galan 3 ýaryşy-da 28-nji oktýabrda Awstraliýada, 4-nji noýabrda Malaýziýada hem-de 19-njy we jemleýji bäsleşik Ispaniýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji üstünligi
Oliweira möwsümi jemledi
Aragonda Morbidelli ýeňiş gazandy
Sport habarlary gysga setirlerde
Markes arany açýar
Täze çempion