Perzent bilim merkezi 3 ýaşdan 6 ýaşa çenli çagalary we olaryň ene-atalaryny Mariýa Montessoriniň özboluşly usulyýeti boýunça geçirilýän okuwlara çagyrýar.
Perzent bilim merkezi şu ýylyň mart aýynda Montessori toparlaryny açan Türkmenistandaky ilkinji bilim merkezidir. Merkeziň innowasion we adaty bolmadyk çemeleşmesi ene-atalary hem-de çagalary bilelikde okatmakdan ybaratdyr. Sapaklar üznüksiz üç sagatlap dowam edýär — duşenbe — anna günleri çagalar üçin, şenbe — ýekşenbe günleri bolsa ene-atalar üçin okuwlar geçirilýär.
Dynç günleri ene-atalar Montessori materiallarynyň ählisi bilen gyzyklanyp, özlerini gyzyklanýan zatlar barada sorag berip bilerler, öýde Montessori giňişligini guramak boýunça maslahatlary alarlar. Adaty günler bolsa ene-atalar garaşylýan otagdaky monitorlardan sapaklara göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler.
Perzent bilim merkezi dünýä ýüzünde bilimiň we bilim materiallarynyň hilini dolandyrmak üçin italýan lukmany we pedagogy Mariýa Montessori tarapyndan döredilen AMI — Halkara Montessori Assosiasiýasynyň standartlaryna laýyklykda işleýär.Perzent bilim merkeziniň mugallymlary esasy bilimlerden daşary AMI sertifikatlaşdyrma we diplom okuwlaryny geçýärler.
Synpyň enjamlaşdyrylyşy üçin materiallar bilim merkezine Assosiasiýa tarapyndan maslahat berilýänleriň hatarynda bolan Montessori-Piter fabrikasyndan getirilýär.Merkeziň müdiriniň orunbasary Ýekaterina Geldimyradowa AMI-niň agzasy bolmak bilen, daşary ýurtly kärdeşleri bilen yzygiderli tejribe alyşýar.
Montessori bilimi 1907-nji ýyldan bäri giňden ýaýrandyr, bu usulyýet 116 ýyl bäri dünýäde öňdebaryjy usulyýetleriň biri bolup gelýär. Şunda okuwlaryň maksady — çaga, onuň gyzyklanmalary, özbaşdak işlemek başarnygy, jogapkärçiligi we aň, psihiki, beden taýdan ählitaraplaýyn ösüşidir. Dünýäde Nido (0 — 1 ýaş), Toddler (1 — 3 ýaş), Casa dei bambini (3 — 6 ýaş), Elementary (6 — 12 ýaş) toparlary bar.
Usulyýetiň aýratynlygy mugallymyň hökmany diýlip kabul edilen sapaklary geçirmeýänligidir. Munda ene-atalar we çagalar öz gyzyklanmalaryna görä materiallary saýlap bilýärler we mugallym diňe okuw prosesini dogry ugra gönükdirýär. Şonuň üçin Montessori maksatnamasy çeýe we ynsanperwer häsiýetli bolup durýar.
Perzent bilim merkeziniň maksatnamasynda aýratyn zolaklara bölünýän 8 sany Casa dei bambini synpy (3 — 6 ýaş) bolup, olar şulardan ybarat: sensorika, tebigat, matematika, dil we okamak, sungat we durmuş. Ähli zolaklar biri-biri bilen baglanyşykly bolansoň, okuwlar toplumlaýyn häsiýetdedir. Şeýle hem merkezde çagalar üçin oýun meýdançasy, bag we howly bar.
Bu ýere tanyşlyk gezelenjine, synplaryň tanyşdyrylyşyna gatnaşmak ýa-da Montessori okuwyna ýazylmak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz:
Perzent bilim merkeziniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Görogly köçesi, 2-nji jaý (Çagalar we ýetginjekler köşgi), 1-nji gat.