Mariýa-Antuanettanyň Wersal köşgündäki otaglary ýene syýahatçylara baryp görmek üçin elýeterli edildi

Mariýa-Antuanettanyň Wersal köşgündäki otaglary ýene syýahatçylara baryp görmek üçin elýeterli edildi

Wersal köşgünde abatlaýyş işlerinden soňra Fransiýanyň soňky şa zenany Mariýa-Antanettanyň şahsy otaglary syýahatçylar üçin açyldy, diýip The Guardian habar berýär.

Otaglar buduary, kitaphanany we bilýard otagyny öz içine alýar. Şa zenany 1789-njy ýylda parižlileriň Wersaly eýelän wagtynda şol otaglarda gizlenipdir.

Mariýa-Antuanettanyň otaglarynyň düýpli abatlaýyş işleri Wersalyň 400 ýyllygy mynasybetli ony gaýtadan dikeltmek boýunça giň gerimli taslamanyň bir bölegidir. Şa zenanynyň otaglaryndan başga-da, oba öýleri we Kiçi Trianon köşgi hem gaýtadan dikeldildi. Taryhçylar we arhitektorlar köp ýyllaryň dowamynda şol döwrüň ýazgylary hem-de suratlary boýunça Wersal köşgüniň içiniň XVIII asyrda nähili görnendigini öwrendiler.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň garry adamy aradan çykdy
Hakan Fidan Brýusselde Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Russiýadaky hüjümde 100 adamy halas eden musulman ýaş oglan sylaglandyryldy
Hakan Fidan Bolgariýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
ÝB-niň Raýatlary Donbass Üçin Söweşmez
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň rekord ýaşly 5 zenany