Marguş ýurdy: medeniýetleriň çatrygynda

V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda görkezilen giň möçberli mowzuklaýyn makalalaryň dowamynda beýik türkmen döwletleriniň we dünýä belli şäherleriň taryhyndan parçalar janlandyryldy.

Olaryň hatarynda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän beýik Parfiýa döwletiniň paýtagty, Balkan welaýatyndaky Dehistanyň taryhy künjegi, Daşoguz welaýatyndaky Hywa hanlygynyň paýtagty bolan Köneürgenç we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Lebap welaýatynyň esasy şäherleriniň biri bolan Amul bar.

Özüniň baýlygy bilen tutuş gündogara belli bolan bu täjirler şäheriniň sahnalaşdyrylan görnüşinde ýük tutan kerwenleriň uzak ýollara rowan bolýandygy görkezilýär. Bu görnüşler döwürleriň içinden geçip, beýleki bir ülkäniň giňişligine gadymy Marguş ýurduna barýar.

5. Marguşyň paýtagty Goňurdepe: şalaryň we hudaýlaryň şäheri

Goňurdepe gadymy Marguşyň paýtagty.Ol grek we rim ýyl ýazgylarynda Margiana diýlip atlandyrylýar.Merkezi Aziýanyň iri şäheri bürünç eýýamynda (biziň eýýamymyzdan öň III asyryň ahyryndan II müňýyllygyň ortalaryna çenli) höküm sürüpdir.

Munuň özi türkmen halkynyň örän çuňňur kökleriniň aýdyň nyşanydyr.Gadymy pederlerimiziň beýik medeniýeti döredendigini dünýä ýurtlarynyň alymlary tassyklaýarlar.Merkezi Goňurdepe bolan Marguş ýurdy Gadymy Müsür, Hindistan, Hytaý we Mesopotamiýa bilen bilelikde dünýä medeniýetiniň ilkinji bäş ojaklarynyň biri hasaplanylýar.

Bu ýerde söwda we medeni babatda halkara gatnaşyklary ösdürilipdir.

Marguşlylaryň binagärlikde, şekillendiriş sungatynda, senetkärçilik önümçiliginde ýokary derejä ýetip, döreden syýasy ulgamy we dini doktrinasy adamzadyň geljekki ösüşine ýol açan Gadymy Gündogaryň öňdebaryjy halklarynyň hatarynda görkezilýär.

Goňurdepe munuň özi beýik çölleriň biri hasaplanylýan Garagumuň merkezinde ýerleşen tutuş arheologik toplumdyr we gadymy Murgabyň akymynyň ugrunda ýerleşen üç ýüzden gowrak ilatly toplumy özünde birleşdirýär.Arheologlar bu şäheriň biziň eýýamymyzdan ozalky 2300-2250-nji ýyllarda döräp, 600-800 ýyl töweregi höküm sürendigini aňykladylar.

Goňur toplumynyň düýpli desgalarynyň diňe merkezi bölegi adamlaryň bu şäheri taşlap giden döwrüne çenli (biziň eýýamymyzdan ozalky II müňýyllygyň ortalary) 25 gektara golaý bolupdyr...

Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda guralan sahnalaşdyrylan çykyşlarda Margiana gadymy Goňurdepe şäherinde geçirilen gazuw-agtaryşyň guburlary görkezilip başlanýar, soňra alymlaryň abatlan şäher görnüşleri peýda bolýar...

Arheologik barlaglaryň dowamynda 10 gektara barabar bolan gonamçylyk ýüze çykaryldy. Bu ýerde jaýlanan adamlaryň ýanynda goýlan serişdeler, zergärçilik önümleri ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Olar daşdan, demirden, pil süňkünden edilen ýokary çeperçilik önümlerdir. Şeýle hem küýzegärleriň hem-de heýkeltaraşlaryň ussatlyk bilen ulanan toýun palçygyndan edilen ajaýyp görnüşli küýze gaplary we butparazlyga degişli şekiller tapyldy.

Goňurda ýaşaýan ilatyň ulanan bu köpsanly serişdeleri Türkmenistanyň birnäçe muzeýleriniň gymmatlyklaryna öwrüldi. Şalaryň köşgi, şäher ilatynyň ýaşan öýleri we mukaddes ýerler “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň desgalary bolup durýarlar. Margiana gazuw-agtaryş işlerinde köp ýyllaryň dowamynda işlän we 600-den gowrak mazarlarda barlag geçiren antropolog N.A.Dubowa Goňurdepäniň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarydygy baradaky netijä gelipdir.

Ady rowaýata öwrülen arheolog Wiktor Sarianidi 1974-nji ýyldan başlap öz türkmen kärdeşleri bilen bilelikde Goňry tapdy we bu ýerde gazuw-agtaryş işlerine başlady.Bu häzir hem dowam edýär.

Ozal düýbünden belli bolmadyk gadymy gündogar şalygynyň galyndylarynda müňlerçe adam boldy.Bu ýere guralýan zyýarat ýyl-ýyldan artýar. Çünki hemmeleri taryh gyzyklandyrýar.Olaryň Garagumda gizlenip ýatan gadymy şäheri öz gözleri bilen göresleri gelýärler.

Dört müň ýyl geçen soň gadymy şäher öz ajaýyp medeniýetiniň beýikligini dünýä äşgär etdi.

Biziň eýýamymyzdan ozalky III müňýyllygyň ahyrynda Murgabyň gadymy akymynyň bol suwly hanasynyň ugrunda ekerançylyk bilen meşgullanýan obalar döräp ugrady.Adamlar bu ýere köpçülikleýin gelip başladylar.Orta asyrlarda Ýewropanyň halklarynyň köpçülikleýin göçmeginden iki müň ýyl ozal şeýle ýagdaýlar Aziýanyň giňişliginde boldy. Şunuň ýaly göçhä-göçlüge gadymy Köpetdagyň etegindäki ýaýlalaryň ilaty hem goşuldy.

Murgabyň sahawatly we entek doly özleşdirilmedik topraklarynda adamlar öz öýlerini we mukaddes binalary gurmaga girişdiler.

Olaryň köpüsi has aňryk, Amyderýanyň kenarlaryna tarap ugur aldylar. Şol ýerde Marguş ýurdy bilen bir wagtda, Bahdi ýa-da Baktriýa diýip, gadymy grekleriň atlandyran şalygy döredi.Bürünç eýýamynyň medeniýeti ýaşamagyny bes edenden birnäçe asyr geçenden soň emele gelen bu atlaryň şertleýindigi düşnüklidir. Ýöne dört müň ýyl mundan ozal, haçan-da olar gülläp ösen mahaly bular bir döwletiň iki welaýaty bolupdy.

Olaryň atlary Mesopotamiýanyň çäklerinde diwar ýazgylarynda saklanypdyr. Şolarda Marhaşi atly syrly ýurt göze ilýär. Şumerler bu şäheriň dörän ýerini Murgap we Amyderýa tarapdadygyny görkezýärler.

Arheologlar iki iri ýaýlalaryň medeniýetinde hiç hili tapawut görmediler.Olaryň aralygynda 400 kilometre golaý uzaklygy bolan çöllükden geçýän ýol bolupdyr. Şol döwürde bu ýerde bar bolan iki örküçli baktriýan düýelerinden düzülen kerwen bu ýoly bir hepdäniň dowamynda geçip bilipdir.

Wiktor Sarianidiniň teklip eden “Baktriýa-Margian arheologik toplumy” düşünjesi ylymda pugta orun aldy.Ol ozal Günbatarda kabul edilen “Oks siwilizasiýasy” diýen düşünjäni gysyp çykardy.Onda diňe Amyderýanyň soňky antik ady peýdalanyldy. Ýöne şol döwürde Murgabyň bu siwilizasiýada eýelän orny örän ahmiýetlidir.

Marguşlylaryň zähmetsöýerligi netijesinde mes toprakly ýerler bugdaýyň we arpanyň bol hasylyny getirip başlady.Azyk bolçulygy binagärligiň, şekillendiriş sungatynyň dürli senetçiligiň ösdürilmegi üçin şertleri döretdi we jemgyýetiň ruhy taýdan ozal görlüp-eşidilmedik derejä ýetmegini üpjün etdi.

Täze dini taglymatlar peýda boldy, olardan galan rowaýatlar baradaky maglumatlary Margiananyň gazuw-agtaryş işleri geçirilen ybadathanalarynda, biziň günlerimize gelip ýeten köpsanly daş, kümüş we bürünç möhürlerde we dogalarda görmek bolýar.

“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasy mahalynda Olimpiýa stadionynda görkezilen sahnalaşdyrylan çykyşda galkanly ýaş esgerler peýda bolýar. Olaryň ýokarsynda Marguşdan arheologlaryň tapan tegelek möhürleri şekillendirilýär.

Marguşlylar ilki bilen derýanyň akymynyň demirgazyk ýaýlalaryny özleşdirip başladylar. Şol ýerde diňe bir palçykdan edilen öýlerden däl, eýsem, uly bolmadyk galalardan, ýerli hanlaryň jaýlaryndan we ybadathanalardan ybarat ýaşaýyş toplumy döräpdir.

Biziň eýýamymyzdan ozalky III müňýyllygyň soňky asyrlarynda derýanyň akymynyň demirgazyk künjeginde häzirki döwürde Kelleli diýlip atlandyrylýan özbaşdak suwaryş ulgamy döredilipdir.Onuň döredilmegi bilen birwagtda, Marguş ýurdunyň şöhratly şäheri gurulýar.

Derýanyň bendiniň ýanynda ýerleşen paýtagtyň bu ýerde gurulmagy ýöne ýerden däldir.Bu ýerden suwy Goňurdan demirgazykda ýerleşýän obalara paýlamak we oňa gözegçilik etmek amatly bolupdyr...

Suwuň esasy çeşmesi bolsa şol döwürde bol suwly Murgap derýasy bolupdyr. V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Olimpiýa stadionyna elleri küýzeli we beýik şähere ýaşaýyş eçilen derýadan suw alýan köpsanly gyzlar çykýarlar...

Munuň özi goňurlylaryň öz şäheriniň gurluşygyna berýän ünsüniň amatly ýeri saýlap almak bilen çäklenmändigini äşgär edýär. Şäheriň ýerleşdiriş aýratynlygyna hem uly üns berlipdir.Onuň merkezinde kuwwatly goranyş diwarlary we gönü burçly diňleri bolan ägirt uly gala gurlupdyr.

Galanyň içinde ýerleşdirilişi boýunça örän çylşyrymly bolan we hökümdarlara hem-de onuň maşgalalaryna niýetlenilen köşk gurlupdyr. Şu maksat bilen gadymy gurluşykçylar tebigy belentligi saýlap alypdyrlar.Bu bolsa onuň ýanaşyk ýerlerindäki desgalaryndan belentligini, hökmürowanalygyny alamatlandyrýar we strategiki taýdan amatly künjegi eýeleýär.

Goňruň galasynyň dört tarapynyň daşky diwarlarynyň ýanynda dört sany düýpli desga gurlupdyr.Olar, “Ot ybadathanasy”, “Gurbanlyk ybadathanasy”, “Suw ybadathanasy” we “Şa ojagy” ýaly desgalardan ybaratdyr. Ýöne arheologlar şeýle ýagdaýa ilkinji gezek gabat gelýärler.

Hökümdar bir däl-de, birbada ýakynda ýerleşýän dört köşk gurdurypdyr.Hut şonuň üçin hem alymlar bu desgalary “Köşk-ybadathana toplumy” diýip atlandyrdylar.W.I.Sarianidiniň tassyklaýşy ýaly, hökümdar daşyna çykmazdan ýerasty geçelgeleriň üsti bilen dört köşge hem baryp bilýär.

Köşkleriň dördüsi-de umumy goranyş diwarlarynyň goragy astynda bolupdyr. Demirgazyk tarapda bolsa binagärlik toplumyň galyndylary ýüze çykaryldy. Olar toparlaýyn nahar iýmek däbi bolan biziň günlerimizdäki sadaka çäreleri bilen baglanyşykly bolupdyr.

Şeýle hem köşgüň günorta tarapynda we derýanyň kenarynda şa mazarynyň ýanynda ägirt uly suw howdany ýüze çykaryldy. Bu çylşyrymly köşk-ybadathana toplumyny goňurlylar örän uzyn kerpiç diwarlary bilen gurşapdyrlar. Ýöne bu diwarlar goranyş häsiýetinden has ýuka bolupdyr. Munuň özi oba ilatynyň ýerleşýän on gektara golaý meýdanyndan “aýratyn ähmiýetli” çägi şertleýin üzňeleşdirmek maksady bilen gurlan bolmaly.

Bu ägirt uly köşk-ybadathana toplumynyň has ozaldan meýilleşdirilendigi we ýerli şalar üçin niýetlenen özboluşly “şalar şäheri” hökmünde görlendigi äşgärdir. Mesopotamiýanyň köşklerinde bolşy ýaly, bu ýerde hususy otaglary, uly zaly bolan kabul ediş otaglary we gulluk desgalaryny görmek bolýar. Şeýle hem bu ýerde marguşlylaryň ynamy bilen baglanyşykly dürli dini çäreler guralypdyr.

Mälim bolşy ýaly, Gadymy Gündogaryň uly bolmadyk monarhiýalaryny dindaryň wezipesi bilen edara ediş häkimliligini alyp barýan şa ruhany dolandyrypdyr. Şunuň ýaly ýagdaýyň bu ýerde hem bolan bolmagy mümkin. Ýöne köpugurly meýilnamalaşdyryş usullary ulanylyp çylşyrymly binagärlik toplumy bolan gadymy gündogar dünýäsiniň bu künjeginde şeýle ýagdaý boldumyka?!

Astronomiýa we geometriýa esasynda goňur gurluşykçylarynyň döreden binalary olaryň belent zehininden habar berýär. Çünki şol binalaryň daşky diwarlarynyň ýagtylyk ugry boýunça dürsligi, olar hamala diýersiň häzirki döwür kompaslaryny ulanan ýaly.

Desgalaryň burçlarynyň gönüligi öz şekiline laýyk gelşi bilen haýran galdyrýar.Toplumyň çäginde iki sany örän syrly desga bar.Ol çäge otaglary diýlip atlandyrylýar.Ol tutuşlygyna çäge alaňlary bilen doldurylyp, tutuş toplumyň iň beýik binasy üçin binýat bolup hyzmat edipdir.

Olary astronomik gözegçiligi amala aşyrmak üçin niýetlenen meýdança hökmünde ulanmak gadymy ýer eýeleri üçin örän ähmiýetli bolupdyr.

Wawilionyň hem-de Assiriýanyň köşklerinden has irki döwürde gurlan Goňur köşgi suw geçiriji we lagym ulgamy hökmünde ulanylan keramiki turba bilen üpjün edilipdir.Bu şäherde gazuw-agtaryş işleri 40 ýyllap dowam etdi hem-de gadymy binagärlik toplumyny geljek nesillere ýetirmek maksady bilen ägirt uly möçberdäki ugurdaş işler alnyp baryldy.

Bu wezipeler entek öz syrlaryny doly açmadyk hem-de gaýtalanmajak toplumy mundan beýläk-de öwrenmek we ony saklamak boýunça döwlet maksatnamasynyň bir bölegi bolup durýar.

Gadymyýetiň beýik şäheri Goňurdepe ýitmedi. Ony duşmanlar weýran edip bilmediler. Ol ýanyp küle öwrülmedi. Ony tebigy hadysalar ýykmady. Adamlar şäheri taşladylar. Olar bu künjegi taşlaýşy ýaly, şäheri hem şol durşuna taşladylar.

Bol suwly Murgap derýasy bu topraga jan berdi. Daş-töwerek zähmetsöýer pederlerimize bol hasyl, otly meýdanlar eçildi, baglar gögerdi. Ýöne deňze ýa-da uly köle guýmandygy sebäpli, Murgabyň akymy durnukly bolmady. Ýeriň aýlanmagy bilen ol ýuwaş-ýuwaş günbatara süýşdi.

Murgabyň gadymy akymyny birnäçe ýyllaryň dowamynda, şol sanda aerokosmiki usullaryň kömegi bilen öwrenen türkmen-italýan arheologiýa toparynyň barlaglary muny subut edýär.

Bir döwürde marguşlylar derýanyň esasy akymyndan akabalary we uly ýaplary çekmek pikirine geldiler. Ýöne bu usul mümkin bolmadyk ýagdaýynda olar gerek zatlaryny alyp, şäheri taşlap, bu ýerden gitdiler.

Şäher nähili bolsa, şol durşuna hem galdy. Çünki Goňurdepe arheologiýa ylmy üçin örän täsin gymmatlyk bolup durýar. Bu ýerde alymlar öýleri, aşhana enjamlaryny, marguşlylaryň taşlan bugdaýly we duzly küýzeler tapýarlar...

Garagumuň suwsyz çöllüginde gülläp ösen şäheriň bolandygyna hiç him ynanmady. Ýöne “Gadymy Margiana dünýä siwilizasiýasynyň täze merkezi” ady bilen 2006-njy ýylyň noýabrynda geçirilen halkara ylmy maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyş etmegi aýratyn ähmiýetli boldy. Şonda dünýä belli alymlar Marguşy dünýä siwilisasiýasynyň merkezleriniň biri hökmünde ykrar edip, adamzat taryhyna bolan könelişen garaýyşlara täzeden seretmegiň zerurdygy baradaky netijä geldiler.

Goňurdepe häzirki döwürde ykrar edilen syýahatçylyk desgasyna öwrüldi. Köp adamlar birnäçe ajaýyplyklaryň hatarynda gadymy şäheriň bardygyny bilip Türkmenistana gelýärler. Ony alymlar dünýä siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi diýip esasly atlandyrýarlar. Olar gadymy pederlerimiziň binalarynyň göwrümliligini görmelidirler. Gadymy döwürlerde ýaşan başarjaň gurluşykçylar, zehinli zergärler, küýzegärler we heýkeltaraşlar gaýtalanmajak sungat eserlerini döredipdirler.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, Türkmenistan dünýä bileleşiginde durnukly, parahatçylyk söýüji we depginli ösýän döwlet hökmünde bellidir. Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy tutuş dünýä açylýan ýurdumyzyň esasy nyşany bolup durýar. XXI asyrda Goňurdepe tümlükden çykyp, döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, nesilleriň dowamatynyň we bütindünýä medeni mirasyň umumadamzat gymmatlyklarynyň aýdyň nyşanlarynyň birine öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen we rus alymlary Türkmenistanda gadymy astronomik möhür tapdylar
Türkmenistan Goňurdepe arheologik ýadygärliginiň açylmagynyň 50 ýyllygyny belleýär
Ýewropanyň Arte teleýaýlymy Türkmenistanyň gadymy genji-hazynalary barada film görkezer
Arte nemes-fransuz teleýaýlymynda Çöl çägelerindäki hazynalar — Türkmenistanyň gadymy mirasy atly film görkeziler
Arte nemes-fransuz teleýaýlymynda Çöl çägelerindäki hazynalar — Türkmenistanyň gadymy mirasy atly film görkeziler
19-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň günortasynda ýüze çykarylan gadymy tapyndylar Oks siwilizasiýasynyň ýerleşen ýerini görkezýär