Margarita Moskowskaýany hatyralap : Zemin içre zähmetiňi Watana bagş etmekden belent mertebe ýok...

Şu ýyl Türkmenistanyň Halk lukmany Margarita Wiktorowna Moskowskaýanyň doglan gününe 100 ýyl dolýar.Maňa 1995-nji ýyldan 2005-nji ýyllar aralygynda Beýik Watançylyk urşunyň maýyplarynyň hassahanasynda onuň bilen bile işlemek miýesser etdi.

Bu gaýratly zenan ençeme ýyllar işlän döwri müňlerçe adamyň derdine derman tapypdy, ençeme kişini halas edipdi.Ol kärine, adamlaryň hyzmatyna ömrüniň altmyş ýyldan gowrak wagtyny bagş edipdi... ...Mary aeroportunyň gözegçilik nokadyna eli az goşly, ynamly ýöräp garry zenan maşgala, uruş weterany gelýär.

Döşünde Lenin, Gyzyl Ýyldyz, I derejeli Watançylyk urşy ordenleri, Beýik Watançylyk urşunda Germaniýadan üstün çykylandygy üçin we Gaýrat medallary bar.Aeroptyň işgärleri ony gowy tanaýarlar, şonuň üçinem oňa gülüp bakýarlar.

Türkmenistanyň Halk lukmany öz söweşdeş ýoldaşlary bilen nobatdaky duşuşyga barýar.Ol aeroportyň gorag işgärleri bilen salamlaşýar we hasaba alyş nokadyna tarap ugraýar.Ol demir anyklaýan enjamdam geçende bolsa, howsalaly jaň ýaňlanýar.

Bu zenanyň döşündäki latundan başga-da, ýene bir demir bölegi - ýüreginiň miokardynda ok bölegi bar, ol bu ýakymsyz ýüki bütin ömrüne göterip gezipdi. Şeýle jaňlary, dogrusy islendik ýiti sesi, howsalaly sesleri we awtomobilleriň zoguny asla halamazdy, olar urşuň agyr pursatlaryny ýadyna salýardy. Şonuň üçinem, onuň öýniň işiginde jaňy ýokdy, telefon goýdurmandy.

Işine çagyryşlar, näsaglaryň soraglary, dogan-garyndaşlarynyň we joralarynyň habary goňşysyna, uruş weterany Artawas Arakelowiç Petrosýana gelerdi.Onuň aýaly Lida Andronnikowna we gyzy Alla Margarita Wiktorownanyň ýakyn kömekçileridi.Dynç günümi, baýrammy, gije ýa gündiz tapawudy ýok, näsaglar ýada işdeşleri jaň ederdiler.

Ol goňşularyna: Kim jaň etse-de, kim geläýsin hökman oýaryň!diýerdi.Lida bilen Margarita Wiktorowna uzak ýyllap syrdaş bolansoňlar, olar ýakyn jora bolupdylar.Margarita Wiktorowna 1919-njy ýylyň 3-nji martynda Russiýanyň Nižniý Nowgorod oblastynyň Pugaçýow şäherinde doguldy. 1933-nji ýylda Moskowskileriň maşgalasy Mara göçüp gelýär. Ýaşajyk Margo Mary şäheriniň 2-nji orta mekdebini tamamlandan soň Nižniý Nowgorodyň lukmançylyk institutynyň pediatriýa fakultetine okuwa girýär. Ýaňja döwlet synaglaryny tabşyran şadyýan, bagtly ýaş lukmanlar bu şatlykly wakany bellemekçi bolýarlar. Ýöne faşistik Germaniýanyň SSSR-iň üstüne ähtiýalanlyk bilen çozandygy baradaky habar olaryň keýpine sogan dograpdy.

Uçurymlar internaturanyň sapaklaryny tiz geçip, okuwy tamamlan badyna urşa gitdiler. Ýaş hirurg Moskowskaýanyň düşen ewakuasiýa gospitallarynyň birinde - 1272 belgili gospitalda lukmanlar, şepagat uýalary, sanitarlar gije-gündiz diýmän ukudan galyp işleýärsdiler. Ýaş lukman Moskowskaýa operasiýalaryň arasynda ýaralananlaryň ýarasyny-da sarap ýetişýärdi.

Bir gezek ony ýurduň jümmüşindäki tyla ýaralananlaryň ýany bilen gitmek tabşyryldy.Sanitar otlusyny ýolda duşmanlaryň uçarlary bombalap ugradylar.Margarita Wiktorowna beýleki lukmanlar bilen birlikde ýaralananlary wagonlardan howpsuz ýere demir ýoluň aňyrsyna, gyrymsy agaçly tokaýyň içine, kiçiräk çemenlige daşap ugrady.

Bombalaryň biri ýarylanda ýaralanan esgerleriň biri göwresi bilen ejizje harby lukmany gorady.Onuň hakydasynda diňe esgeriň misli atasy ýaly bolup: Bize indi ömür nämä gerek, ýöne sen, gyzym entek ýaşamaly ahyry...

diýen sözleri galypdyr.Soňra weli ýüregine çümen ok bölegi, sag injiginiň süňki döwlenligi, köp gan ýitirendigi we kontuziýasy zerarly üç aýlap tyldaky gospitalda ýatýar.Köp wagtlap salgys-a beýlede dursun, hat-da öz adynam ýada salyp bilmändi.

Sagalandan soň ol Mara: Salam meniň ezizlerim ejemjan, kakamjan, Walýajan, Klawajan!Size habar berip bilmänim üçin bagyşlaweriň.Men köp wagt gospitalda ýatmaly boldum, birki agyz hat ýazmaga-da ýagdaý bolmady.

Indi gutuldym, tiz wagtdan öýe bararyn.Sizi öpýärin! -diýip hat ýazypdy.Ol 1944-nji ýylda frontdan gaýdyp gelende çep elinde hasasy, sagynda bolsa karton çemodanjygy bardy.Lukmançylyk gullugynyň ätiýaçdaky uly leýtenanty egni şinellii, aýagy ädikli, başy gulakjynly öz howlusyna gelende ilkibada ony tanan bolmady.

Onsoň ol goňşy gyzjagazy ýanyna çagyryp: Meni tanamadyňmy? -diýip sorady.Margo geldi, Margarita frontdan gaýdyp geldi!diýen şadyýan habar dessine töwerege ýaýrady.Daşaryk ylgap çykan kakasy gyzyny, edil çaga göteren ýaly goluna alyp, gözüni ýaşlap: Balam gelipdir... Çagajygym...

Owadanjam meniň... - diýip samraýardy.Margarita Wiktorowna soň-soňlaram: Ömrümiň iň bagtly güni Ýeňiş güni.Men ony hiç haçan ýatdan çykarman.Urşuň gutarandygy baradaky habary eşidenden bar kişi şäheriň köçelerine çykyp, bir-birini gutlaýardylar, asla nätanyş adamlar gujaklaşýardylar, bagtdan ýaňa aglaýardylar, daň atýança aýdym aýdypdylar.

Gije feýerwerklerden ýaňa hemme ýeri ýap-ýagtydy - diýip ýatlardy.Parahatçylyk döwri Margarita Wiktorowna kärini dowam etdi: ilki Mary şäher hassahanasynda we gan goýberiş stansiýasynda, soňra 1950-nji ýyldan tä işlän döwrüniň ahyryna çenli Beýik Watançylyk urşunyň maýyplarynyň döwlet gospitalynda hirurgiýa bölüminiň müdiri bolup işledi.

Bir gezek Margarita Wiktorownany kabul ediş bölümine gyssagly çagyrdylar.Tiz kömek tyg ýarasyny alan ýaş ýigidi getiripdir.Kiçijik çakgy edil ýüregiň üstünde eken.Merkezden kardiohirurga garaşmaga wagt ýokdy.

Rentgenoskopiýa geçirilenden soň gyssagly operasiýa etmeli diýen netijä gelindi.Ol üç sagada çekdi we şowly geçdi. Çylşyrymly operasiýadan soň iş otagynda ýeke galan hirurg oýa batdy: köne ok bölegini aýyrmak üçin öz ýüregini kardiohirurgyň aýasynda göz öňüne getirdi, ýeri soň boş galan ýeri nädip doljak?

Ol täze ýarany tiken ýaly däl-ä.Töweregi ýara yzy bilen örtülen poslan demir bölegini aýyrjak bolsaň, ol çylşyrymly operasiýa ýüregiň işini wagtlaýyn togtatmaly, emeli gan aýlaýan enjamy goşmaly.

Köp donor gany gerek ...Margarita Wiktorowna: Ýok, bolmaz.Birden maňa bir zat bolaýsa, ýakynlarym muňa tap getirmezler diýip belli karara gelýär. Şeýdibem ýüregindäki ýagy bilen sessiz ylalaşyk baglaşýar.

Emma ol duşman wagtal-wagtal ylalaşygy bozup, Margarita Wiktorownany howsala salyp, ýürek sazlaşygyny üýtgedip, yza berip, rehimsiz kösär, ol ýetmiş ýyllap bu yzalara tutanýerli döz geler, ahyrynda-da oňa öwrenişer-de, derdine asla ünsem bermez.

Her ýyl uruş weterany Moskowskaýa döwlet Baştutanynyň adyndan sowgat gowşurylardy.Doga agras Margarita Wiktorowna köplenç diňe özüne süýjileri, kofe we çaý alyp galyp, galanyny näsaglara we tanyş-bilişlerine paýlardy.

Onuň bilen hemişe bile işlän şepagat uýasy Muhabbet Hudaýberenowa her gezek: Siziň gan basyşyňyz ýokary, ýüregiňizem sag däl, şonda-da siz köp kofe içýäňiz - diýende, Margarita Wiktorowna: Akylla akyl berme.

Segsen ýaşadym, indi maňa hemme zadam bolýar - dýip degşerdi.Margarita Moskowskaýanyň 80 ýşaynyň dolmagy mynasybetli dabarada garaşylman durka Maýak radiostansiýasynyň diktory: Şu gün, 3-nji martda Mary şäherinden Margarita Wiktorowna Moskowskaýanyň segsen ýaşy dolýar.

Geliň, oňa berk jan saglyk, arassa asman we işinde üstünlikler arzuw edeliň.Indi bolsa, onuň dostlarynyň haýyşy boýunça Klawdiýa Şulženkonyň aýtmagynda Dostluk aýdymyny eşitdirýäris -diýip yglan etdi.Bu aýdymy ilkinji gezek Margarita on sekiz ýaşyndaka Wadim Koziniň aýtmagynda diňläpdi, şondan bärem ony ömürlik gowy görüpdi. Şonda-da ol bütin ömrüne nusgawy aýdym-sazlaryň muşdagydy.

Aşgabat ýer titremesinden soň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet opera we balet teatry Mara göçürilipdi. Şol döwür ol teatryň artistleri bilen dostlaşypdy, Türkmenistanyň halk artisti tenor Ýolaman Hummaýewiň gatnaşýan oýunlaryny sypdyrmazdy.

Iň halaýan şahyram maryly uruş weterany Eduard Asadowdy.Ol bu şahyryň goşgylaryny gaýta-gaýta ýatlardy, höwes bilen ýürege ýakyn setirlerini labyzly okardy, onuň awtografy ýazylan kitabyny gymmatly zat ýaly aýawly saklardy.

Hemişe gujurly lukman Moskowskaýa 90 ýaşandan soň ýygy-ýygydan keselläp ugrady.Kimdir biri onuň saglgyny soraýsa, ol: Bu düýnkiden erbet, ýöne ertirkiden-ä gowy diýip degşerdi...Margarita Wiktorowna togsan bäş ýaşy doglan güni dünýeden gaýtdy.

Onuň wesýetine laýyklykda, mazar üsti daşda: Zemin içre zähmetiňi Watana bagş etmekden belent mertebe ýok...diýen ýazgy bar. ... 1989-njy ýylda gospital täze binasyna göçüp baranda Margarita Wiktorowna dub agajyny ekipdi, indi ol ikinji gatyň derejsine çenli ösdi.

Bu agaç bize erjel we durmuşda ýanbermez adamlary ýatladýar.Bu ajaýyp lukmanyň bitiren hzymatlarynyň hormatyna Mary şäher häkimligi Margarita Moskowskaýanyň adyny ebedileşdirmek maksady bilen şäheriň köçeleriniň birine halk lukmanynyň adyny dakdy. 2017-nji ýylda gospitalyň durky täzelenip, onuň binýadynda döwrebap kesel anyklaýyş we bejeriş enjamalry bolan Mary şäher iç keselleri hassahanasy döredildi.

Hassahananyň bölümleriniň sekizisinde ( hirurgiýa bölümleriniň ikisinde, terapiýa, kardiologiýa, newrologiýa, endokrinologiýa, fizioterapiýa, balnelogiýa, anestologiýa we reanimasiýa) bölümlerinde lumançylyk kömegini berýärler.Hassahananyň baş lukmany Röwşen Kyýasowiç Dowwadow: Biz uruş weteranlaryna hyzmat etmäge hemişe şatdyrys, olar üçin aýratyn şertler döredildi we biz olara gije-gündiziň islendik wagty degerli lukmançylyk kömegini bermäge taýýar - diýip nygtaýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
'Russiýanyň Türkmenistan bilen wizany ýatyrmak taýýarlygy'. Ritorika we hakykat
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi