Mardin welaýatynda PKK/KJK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Mardin welaýatynda PKK/KJK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, terror guramasy PKK/KJK-nyň işleriniň ýüze çykarylmagy we öňüniň alynmagy bilen bagly howpsuzlyk güýçleri tarapyndan dowam etdirilýän işleriň çäginde düýn Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynyň obalyk ýerinde uçarmansyz howa ulagynyň kömegi bilen guramanyň 3 agzasynyň bardygynyň anyklanandygy habar berildi.

Terror guramasyna agza terrorçylaryň uçarmansyz howa ulaglary bilen ýerleriniň anyklanandygy bellenen beýanatda, F-16 harby uçarlar we ýaragly uçarmansyz howa ulaglar bilen 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi, mundan başgada sebitde bolmagy ähtimal beýleki terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi maksady bilen başladylan giň gerimli operasiýalaryň dowam edýändigi mälim edildi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu sosial media hasabyndan beren beýannamasynda: "Topraklarymyzda terrorçy islemeýäris. Boýun egiň" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Terrorçy Yslam Dotkanlou Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçylar Zehra Sebat Bilen Serhat Erdogan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terror Guramasy PKK, Siriýada Asuda Ilaty Nyşana Aldy
Yragyň Demirgazygynda 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi