Günorta Amerikanyň klub derejesindäki iň uly ýaryşy Libertadores Kubogynyň finalynda iki brazil topary duşuşar. “Palmeirasdan” soň “Santos” hem finala çykmagy başardy. “Santos” topary ýarym finalda “Boko Huniorsy” Pituka (16), Soteldo (59) hem-de Braganyň (51) gollary bilen 3-0 ýeňdi.
Mälim bolşy ýaly 1-nji duşuşyk golsuz tamamlanypdy. Şeýlelikde, Peläniň döwründe 2, jemi 3 gezek (1962, 1963, 2011) kubogy eýelän “Santos” edil “Palmeiras” ýaly 5-nji sapar finalda çykyş eder.
Iki brazil toparynyň arasyndaky final duşuşygy 30-njy ýanwarda Riodaky meşhur “Marakana” stadionynda oýnalar.Libertadores kubogynyň taryhynda 3-nji gezek finalda iki brazil topary duşuşar.
The post “Marakanadaky” finalda “Palmeiras” bilen “Santos” duşuşar appeared first on Zaman Türkmenistan.