Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilen 45-nji Berlin marafonynda keniýaly Eliud Kipçoge dünýä rekordyny goýdy.Ol pellehanadan 2 sagat 1 minut 39 sekuntda geçip, dünýä rekordyny täzeledi. Öňki rekord 2014-nji ýylda ýene-de Berlindäki marafonda 2 sagat 2 minut 57 sekuntda pellehana gelen keniýaly Dennis Kimetto degişlidi.
Berlin marafonynda dünýä rekordy bassyr 7-nji, umumylykda 8-nji gezek goýulýar.Kipçoge Berlinde yzly-yzyna 2-nji, umumylykda-da 3-nji sapar çempion boldy.Erkekleriň arasynda 23-nji ýerleri-de keniýaly ylgaýjylar Amos Kipruto (2:06:23) bilen 2013-nji ýylda rekord goýan Wilson Kipsong (2:06:48) eýeledi.Zenanlaryň arasynda keniýaly Gladis Çerona ýeňiş gazandy.
Ol pellehana 2 sagat 18 minut 11 sekuntda geldi. 35 ýaşly Çerona hem edil Kipçoge ýaly 2015-nji we 2017-nji ýyllarda-da Berlinde çempion bolupdy. 23-nji orunlary-da efiopiýaly Ruti Aga (2:18:34) bilen Tiruneş Dibaba (2:18:55) eýeledi.