Maradona ömrüniň soňky ýyllarynda ýakynlary üçin 4,7 million dollar sarp etdi

Maradona ömrüniň soňky ýyllarynda ýakynlary üçin 4,7 million dollar sarp etdi

Futbol boýunça dünýä çempiony argentinaly Diego Maradona ömrüniň soňky ýyllarynda - 2014-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli öz ýakyn garyndaşlaryna sowgat we maliýe kömegi üçin, takmynan, 4,7 million dollar sarp edipdir. Bu barada rsport.ria.ru habar berdi.

Bellenip geçilişi ýaly, Maradona ozalky gelni Rosio Oliwa (1,41 million dollar) has köp pul sarp edipdir, ondan soň onuň körpe oglunyň ejesi Weronika Oheda (910 müň), öňki aýaly Klaudiýa Willafanýe (900 müň), gyzlary Dalma (554) müň) we Jianinna (500 müň), şeýle hem uly ogly Diego (77 müň) gelýär.

Bu pullar awtoulag ätiýaçlandyryşy, jübi telefonlary, derman serişdeleri, howa syýahaty, wizalar, diş lukmanlary we "sowgat" kategoriýasyna degişli birnäçe zatlar üçin sarp edilipdir.

Ýatlap geçsek, Maradona geçen ýylyň 25-nji noýabrynda 60 ýaşynda aradan çykdy.

Ýene degişli makalalar

77-nji Wenesiýa film festiwalynyň dalaşgärleri
Tramp “Ýylyň adamy” boldy
Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
Zenan dalaşgärler üstünlik gazandy
Jennifer Lopez 40 ýaşdan uly iň owadan meşhur ýyldyz boldy
Lasionyň hüjümçisi Çiro Immobile Altyn butsa eýe boldy