Manuel Noýeriň taryhy rekordy

Katar 2022 Dünýä Kubogynda “E” toparçada 4 utuk toplap, ýaryşdan çykan Germaniýanyň ýygyndysynyň derwezeçisi Manuel Noýer taryhy rekordy täzeledi.Ol toparynyň 3 duşuşygynda-da esasy düzümde oýnady. Şunlukda, ýyldyz derwezeçiniň Dünýä Kubogyndaky duşuşyklarynyň sany 19-a ýetdi.

Ol bu ugurda braziliýaly Klaudio Taffarelden öňe saýlanyp (18 duşuşyk), Dünýä Kubogynda iň köp duşuşykda çykyş eden derwezeçi boldy. Ýeri gelende aýtsak, Noýeriň watandaşy Sepp Maýer hem 18 duşuşykda çykyş edipdi.

Ýene degişli makalalar

Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Şikesli oýunçylarynyň sany 7-ä ýetdi
Ýyldyz oýunçy 5 ýyldan soň ýygynda çagyryldy Germaniýanyň düzümi mälim boldy
“Bawariýa” öňküsi ýaly, “Real Madridden” şowsuz başlangyç
FIFA 2020-nji ýylyň iň gowy oýunçysy baýragynyň finalçylaryny mälim etdi
ESPN neşiri 2020-nji ýylyň iň gowy derwezebanyny yglan etdi