Nemes onlaýn-meýdançasyna meşhur Mansory atelýesiniň týunerleri tarapyndan modifisirlenen, heniz sürülmedik ekskluziw Rolls-Royce-i satlyga çykardylar. Köp sanly täzeden işlemeleriň dowamynda sedanyň kuzowyny karbon bölekleri bilen abzallaşdyryldy, salony dolulygyna täzelendi. Ondan hem başga, inženerler ştat motorynyň işjeňligini artdyrdylar. Ýeke-täk nusgadaky Fantomy üçin satyjy 975 000 ýewro almagy göz öňünde tutýar.
Mansory-yň hünärmenleri kuzowyň ähli hromlanan böleklerini garaňkyradylan ýa-da gara elementlere çalyşdylar. Şonuň ýaly-da, týunerler radiatoryň gözeneginiň ýarysyny, 24 dýumlyk teker diskleriniň stupisalaryny we şereketiň Spirit of Ecstasy heýkeljigini mämişi öwüşginler bilen tapawutlandyrdylar.
Phantom mämişi deriniň gara we karbon elementleri bilen sazlaşygynda ýerine ýetirilen dolulygyna gaýtadan işlenen salona eýe boldy.Ondan hem başga, týunerler 6,75 litrlik V12-niň netijeliligini artdyrdy.
Enjamyň kuwwaty 610 at güýjüne we aýlanýan pursady 950 Hm deň boldy (öň 571 at güýjüne we 900 Hm-a deňdi). Şonuň ýaly-da, kaşaň sedany geçirilýän klapanly sport goýberiş ulgamy bilen enjamlaşdyrdylar.