“Mançester Ýunaýted” 5-nji gezek toparçadan çykyp bilmedi

UEFA Çempionlar ligasynda “H” toparçada “Mançester Ýunaýted” myhmançylykda “Leipsigden” 3-2 utulyp, ýaryşdan çykdy. 2-nji minutda Anhelinio hem-de 13-nji minutda Haidaranyň gollary bilen 1-nji ýarymda 2-0 öňe saýlanan ýer eýeleri 69-njy minutda hasaby 3-e çykardylar.

Bu goly Jastin Kluiwert derwezä girizdi.Oýnuň ahyrky minutlarynda tijenen “Mançester Ýunaýted” 80-nji minutda Bruno Fernandeşiň penalti hem-de 82-nji minutda Konateniň öz derwezesinden geçiren gollary bilen hasaby 3-2-ä ýetirdi. Ýöne bu 2 gol olaryň ýaryşy dowam etmegi üçin ýeterlik bolmady.

Oýnuň soňky sekuntlarynda tasdanam hasap deňlenipdi.Eger-de duşuşyk deňlikde tamamlanan bolsa, iňlis topary 1/8 finala çykardy. Şeýlelikde, “Mançester Ýunaýted” Çempionlar ligasynyň taryhynda 5-nji gezek toparçadan çykyp bilmedi.

Olar 1994/95, 2005/06, 2011/12 hem-de 2015/16 möwsümlerinde-de şeýle şowsuzlygy başdan geçiripdiler. “Leipsig” bolsa, taryhynda 3-nji gezek gatnaşýan ýaryşynda 2-nji sapar pleý-off tapgyrynda oýnamaga hukuk gazandy.

Toparçadaky beýleki oýun 14-nji minutdan soň ýatyryldy. PSŽ bilen “Istanbul Başakşehiriň” arasyndaky oýnuň 14-nji minutynda 4-nji emin bilen türk klubunyň kömekçi tälimçileriniň arasynda ýüze çykan jynsparazlyk bilen baglanyşykly meseleden soň, oýun ýatyryldy. Duşuşyk şu gün galan ýerinden dowam eder.

“E” toparçanyň duşuşyklarynda “Çelsi” bilen “Krasnodar” 1-1 (Žoržinio 28 p Kabella 24) deňme-deň oýnady. “Sewilýa” bolsa myhmançylykda “Renn” topparyny 1-3 ýeňdi (Rutter 86 p Kunde 32, En-Nesiri 45+2, 81).

Toparçada ozal “Çelsi” bilen “Sewilýa” 2-nji tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazanypdy. Ýaryşyň debýutantlaryndan “Krasnodar” Ýewropa ligasynda çykyş eder, “Renn” bolsa Ýewrokuboklar bilen hoşlaşdy.

The post “Mançester Ýunaýted” 5-nji gezek toparçadan çykyp bilmedi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ýyldyzy kärhanasy TSSE-niň Sergi merkezinde guralýan sergide kabel-sim önümlerini hödürleýär
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
40 dile terjime edýär
Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbas Sürgün Maksatnamasyny Kabul Etmedi
Beragat Gijesinde Etjek Doga Dilegleriňiz Kabul Bolsun
Waşington forumy Merkezi Aziýanyň suw howpsuzlygyny maslahatlaşýar