Angliýanyň Liga Kubogynyň (EFL Cup) çärýek final oýunlary oýnalyp, ýarym finala çykan toparlar belli boldy. “Mançester Ýunaýted” topary öz meýdançasynda “Çarlton Atletik” toparyndan 3-0 hasabynda üstün çykdy.
Gollary 21-nji minutda Antoni hem-de 90-njy we 90+-nji minutlarda Markus Reşford geçirdi. “Nýukasl Ýunaýted” hem “Lester Sitiniň” derwezesinden jogapsyz 2 gol geçirip, ýarym finala çykdy (Börn 60, Joelington 72). “Nottingam Forest” bilen “Wulwerhempton” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň esasy wagty 1-1 deňlikde gutaryp, ýeňiji oýundan soňky 11 metrlik urgulary arkaly kesgitlendi.
Bu urgularda 4-3 öňe saýlanan “Nottingam Forest” 31 ýyldan soň ýarym finala adyny ýazdyrdy.Tapgyryň iň garaşylmadyk netijesi “Southempton bilen “Mançester Sitiniň” arasynda hasaba alyndy.Duşuşykda ýer eýeleri “Southempton” topary Mara (23) we Dženeponyň (28) gollary esasynda 2-0 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Ýarym finalda “Nottingam Forest” bilen “Mançester Ýunaýted”, “Southempton” bilenem “Nýukasl” duşuşar. Ýarym finalyň 1-nji oýunlary 24-25-nji ýanwarda, jogap duşuşyklary-da 31-nji ýanwarda hem-de 1-nji fewralda oýnalar.