“Mançester Siti” Stambula has golaý

UEFA Çempionlar ligasynda ýarym finalyň 2-nji duşuşygynda PSŽ bilen “Mançester Siti” Parižde duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda myhmanlar 2-1 hasabynda ýeňiş bilen dolandy.Birinji ýarymda erjel oýun görkezen ýer eýeleri 15-nji minutda Markiniosyň kelle urgusy bilen geçiren goly esasynda öňe saýlandy.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda myhmanlar has şowly çykyş edip, 2 gezek tapawutlandylar. 64-nji minutda Kewin De Bruýneniň jerime meýdançasynyň içine gönükdiren topy hiç kime degmän derwezä girip, oýunda hasap deňlendi.

Bu goldan 7 minutdan soň, has takygy, Riýad Mahrez jerime urgusyndan gol geçirip, toparyny öňe saýlady.Duşuşygyň 78-nji minutynda PSŽ-niň ganaly ýarymgoragçysy Geýe eden juda gödek hereketi üçin gyzyl kart aldy. Şeýlelikde, 2-1 hasabynda ýeňiş bilen dolanan “Mançester Siti” Stambulda oýnaljak finalyň bosagasyndan ilkinji ädimini ätdi.

* Braziliýaly goragçy Markinios portugaliýaly Kristiano Ronaldo hem-de fransiýaly Antuan Grizmanndan soň yzly-yzyna iki möwsümde UÇL-de çärýek we ýarym final oýunlarynda tapawutlanan 3-nji futbolçy boldy.

* PSŽ-li Idrissa Geýe UÇL-de bir möwsümde 2 gyzyl kart alan 7-nji futbolçy boldy.

* “Mançester Siti” şu möwsümde UÇL-niň çäginde ýeňilmän gelýär.

* Jogap duşuşygy 4-nji maýda oýnalar.

The post “Mançester Siti” Stambula has golaý appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
Dünýäniň iň gadymy futbol ýaryşynyň finalynda ilkinji Mançester derbisi
“Al-Ahli” “Premier Liganyň” ýene bir oýunçysyny transfer etdi
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
ÝÇL-iň 1/8 final tapgyryndan orun alan Leýpsig — Mançester Siti oýny deňlikde tamamlandy
“Al-Ahli” “Mançester Sitiniň” ýyldyzyny transfer etdi