
Lids Ýunaýted — Mançester Siti oýny bilen Angliýanyň premýer-ligasynyň 17-nji tapgyry tamamlandy.Tapgyryň ahyrky oýny 1:3 hasabynda myhmançylykda çykyş eden Mançester Sitiniň peýdasyna tamamlanyp, Gwardiolanyň şägritlerinden Holland iki goly (54, 61) we Rodri bir goly (45+1) öz adyna ýazdyrdy. Ýer eýeleriniň ýeke-täk jogap topuna 73-nji minutda Paskal Streýk awtorlyk etdi. Şeýlelikde, 17-nji tapgyrdan soňra Mançester Siti 15 oýunda toplanan 35 utuk bilen ýene-de ikinji orunda galdy.
Turnir tablisasynyň birinji basgançagy 15 oýunda 40 utuk gazanan Arsenala, üçünji orny bolsa 16 oýunda 33 utuk toplan Nýukasla degişli. Mundan başga-da güýçli bäşlikde Tottenhem (16 oýun 30 utuk) we Mançester Ýunaýted (15 oýun 29 utuk) toparlarynyň hem ady bar. 17-nji tapgyrda ýeňlişe sezewar bolan Lids 15 oýunda gazanylan 15 utuk bilen 15-nji ýerde barýar.