
Mançester Sitiniň futbolçylary Saud Arabystanynda geçirilýän dünýäniň klublaýyn çempionatynyň ýarym finalynda Ýaponiýanyň Urawa Red Daýmonds toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, finala çykdylar.
Ýeňiji toparyň gollaryny 52-nji minutda Mateo Kowaçiç, 59-njy minutda Bernardu Silwa geçirdi. Şeýle hem birinji ýarymyň ahyrky sekuntlarynda (45+1) ýapon toparynyň goragçysy Marius Heýbroten öz derwezesine pökgi geçirdi.
Mançester Siti final duşuşygyny şu hepdäniň duşenbe güni Müsüriň Al-Ahlisini 2:0 hasabynda ýeňen Braziliýanyň Flumenensesi bilen geçirer. Final duşuşygy 22-nji dekabrda bolar.