“Mançester Siti” bassyr 3-nji gezek ýarym finala çykdy, “Bawariýa” çykyp bilmedi

UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek finaldan soň ýarym finalda-da futbol janköýerlerine biri-birinden dartgynly duşuşyklar garaşýar. Çärýek finalyň 1-nji duşuşygynda ýeňiş gazanan toparlar jogap oýnunda deňme-deň oýnap, ýarym finala çykdylar.

“Bawariýa” bilen “Mançester Sitiniň” arasyndaky jogap oýny netijesi iň köp garaşylýan duşuşykdy.Duşuşykdan öň nemes klubunyň 3-0-dan dolanyp biljekdigini aýdýanlar hem bolupdy, ýöne şol garaşylýan mugjyza bolmady. “Allianz Arena”-da oýnalan duşuşyk çekeleşikli hem-de dartgynly geçdi.

Oýnuň 37-nji minutynda eminiň bellän penalti urgusyny Erling Holann dürs urup bilmedi.Soňky 16 penalti urgusynda ilkinji gezek ýaňlyşan Holannyň urgusynda top derwezäniň ýokarsyndan meýdançanyň daşyna çykdy. Ýöne Holann 20 minut soň, has takygy, 57-nji minutda tapawutlanyp, bu ýalňyşynyň öwezini dolmagy başardy.

Bu goldan soň hasam lapykeç bolan münhenler 83-nji minutda Ýosua Kimmihiň penalti goly bilen hasaby deňleselerem, bu ýarym finala üçin ýeterlik bolmady. Şunlukda, “Bawariýa” bassyr 3-nji gezek çärýek finaly geçip bilmedi.

Başgaça aýdylanda, 2020-nji ýylda gazanylan çempionlykdan soň “Bawariýa” iň gowy 4-lige düşmek başardanok.Munuň tersine, Mançester Siti bassyr 3-nji, umumylykda-da 4-nji sapar ýarym finala çykdy.

Mançester Sitiniň ýarym finaldaky garşydaşy häzirki çempion “Real Madrid” bolar.Iki klub geçen möwsümde-de ýarym finalda duşuşypdy.

Ýene degişli makalalar

6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Fraýburg Bawariýany Germaniýanyň Kubogy üçin göreşden çykardy
Niderlandlara çärýek finala çykmak kyn düşmedi
Ilkinji finalçy Ispaniýamy ýa-da Fransiýa?!
Ýamalyň rekordy we EURO 2024-iň ilkinji finalçysy Ispaniýa
Real we Mançester Siti ÝÇL-iň çärýek finalyna çykdy