Mançester derbisi Ýunaýtediň ýeňşi bilen tamamlandy

Mançester derbisi Ýunaýtediň ýeňşi bilen tamamlandy

Angliýanyň premýer-ligasynyň 20-nji tapgyrynyň merkezi oýunlarynyň birinde Mançester Ýunaýted goňşusy Mançester Sitini kabul edip, 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.Birinji ýarymy 0:0 tamamlanan oýnuň 60-njy minutynda ätiýaçdan oýna giren Jek Griliş myhmanlary hasapda öňe çykardy.

Emma goldan soň ýer eýeleri ýeňşi öz taraplaryna agdyrmagy başardylar. 78-nji minutda Brunu Fernandeş hasaby deňlän bolsa, 82-nji minutda Markus Reşford Ýunaýtede ýeňiş getiren topy derwezä ýollady.

Şeýlelikde, Mançester Ýunaýted utuklarynyň sanyny 38-e ýetirip, üçünji orna göterildi. Ikinji ýerdäki Mançester Sitiniň utuklary bolsa 39-lygyna galdy. Häzirki wagtda birinji ýerdäki Arsenalda 44 utuk bar. Arsenal 20-nji tapgyryň çäklerinde ertir Tottenhem bilen güýç synanyşar.

Ýene degişli makalalar

Mançester Ýunaýted we Çelsi aňsatlyk bilen üç utuk gazandylar
Ronaldu nirä we näme üçin gitmek isleýär?!
Arsenal utuk ýitirdi
Goal-a görä, Messi Alty pökgä iň ýakyn futbolçy
Russiýa ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň mugt bilim almak baradaky arzalaryny kabul etmegiň möhletini uzaltdy, türkmen estrada ýyldyzlary Moskwanyň konsert meýdançalarynyň birinde çykyş etdiler we beýleki habarlar
Arsenalyň çempionlyk ugrundaky möhüm ýeňşi