Manat nagtlaşdyrmak kynlaşýar, Merkezi bank düşündiriş bermeýär

Manat nagtlaşdyrmak kynlaşýar, Merkezi bank düşündiriş bermeýär

Noýabr, dekabr aýlarynyň aýlyk kaky aýlyk kartyna geçdi, ýöne karta gelen puly nagtlaşdyryp bolmaýar diýip, Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy habar berýär. Onuň sözlerine görä, manat nagtlaşdyrmak isleýänler bir gün öňünden, gije sagat 11-de nobata durmaga başlaýar.

Bu Maryda hem şeýle, Azatlygyň ýerli habarçylary adamlaryň bu sebitde hem iki-üç günläp bank howlusynda ýatyp-turýandygyny habar berýärler.

Gije, ýedi gradus aýazda duran garry mamalary gördüm, manat nagtlaşdyrmak kynçylygy pensiýa çykan adamlary, maýyplary, ol ýa beýleki saglyk meselesi bolan adamlary has “erbet horlaýar” diýip, habarçy aýtdy.

Nobata duran garry mamalaryň birnäçesi Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş boldy. “Ozal pensiýamyzy nagt görnüşde alardyk, emma indi pul nagtlaşdyrmak üçin uzak gün nobata durmaly, azap edeniňe görä pul ýetse, ýene ýagşy” diýip, garry eneleriň biri zeýrendi.

Azatlygyň türkmenabatly söhbetdeşleri esasy meseläni manadyň dowamly ýetmezçiliginde, bankomatlarda wagtly-wagtynda pul goýulmazlygynda görýärler. “Bankomatda pul goýulsa, puluňy alyp bilseň, gören azabyň ýerine düşen ýaly boljak” diýip, ýaşaýjylar aýdýar.

Nobata duranlar köplenç bankomatda pul goýuljakdygyny ýa-da onuň näçeräk adama ýetjekdigini hem öňünden anyk bilip bilmeýärler. Bu hili soraglara anyk jogap berýän resmi hem tapylmaýar. Bu ýagdaý nobata duran aýallarda Merkezi banka jaň edip görmek pikirini döretdi. Onsoň olar Merkezi bankyň ýuristiniň telefon belgisini tapyp, şoňa telefon etdiler.

Merkezi bankyň ýuristi jaň eden aýallaryň duran ýerini anyklap, “Siziň öňünde duran bankomatyňyz “Türkmenistan” bankyna degişli, näme soragyňyz bolsa, “Türkmenistan” bankyna telefon edip, şolardan soraň” diýip, maslahat berdi. Şondan soň aýal-gyzlar “Türkmenistan” bankyna telefon edip, üç gün bäri bankomat nobatynda durandyklaryny aýtdylar. Ýöne olaryň bankomatda haçan pul goýuljakdygy baradaky soragyna anyk jogap berilmedi.

Her halda, telefonda gürleşen bank işgäri pul nagtlaşdyryp bilmeýän adamlaryň şikaýatyny öz ýolbaşçylaryna ýetirjekdigini, belki, şondan soň basym olaryň duran ýerindäki bankomatda pul goýuljakdygyny aýtdy.

“Adamlar bu telefon gürrüňinden soňam 6 sagat garaşdylar, emma bankomatyň ýanyna gelen bank işgäri bolmady” diýip, bu ýerde bolan habarçy gürrüň berdi.

Türkmenistanda plastiki kartlar ulanyşa girizilip, aýlyklar we pensiýa, kömek pullary kartlara geçirilip başlanda, ýurduň ähli söwda, hyzmat nokatlarynda nagt däl hasaplaşyk üçin zerur bolan enjamlaryň oturdylýandygy habar berildi. Emma adamlaryň nagt pula bolan islegleri azalmady we bu ýagdaý nagt däl hasaplaşygyň islenilýän netijäni bermändigini, bu ugurdaky meseleleriň ýeterlik derejede çözülmändigini görkezýär.

Azatlyk bilen gürleşen garry mama hem şu ýagdaýy tassyk etdi we nagt puluň bolmasa, söwda etmegiň kyn bolýandygyny gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, ähli dükanda terminal ýok we terminalyň bar dükanlarynda hem, kartda söwda etseň, her alan azyk önümiň bahasyna goşmaça baha ýüklenýär.

Dükançylaryň käbiri anonimlik şertinde gürleşip, bu ýagdaýy nagt ýetmezçiligi, özlerine zerur bolan nagt pul üçin goşmaça çykdajy etmeli bolýandyklary, köp ylgaýandyklary bilen düşündirdi.

Nagt pul ýetmezçiligi, öz gezeginde, hem dükanlarda, hem banklarda korrupsiýa ýol açýar, hususy dükanlarynda terminalda söwda eden adamlar soň öz girdejisini bankdan aljak bolanda, bank resmisine para bermäge mejbur bolýar, şu sebäpden ol öz çykdajysyny kartda söwda edýänlerden, alan harytlarynyň bahasyna 10% nyrh goşup alýar diýip, ýagdaýy bilýän adamlar aýdýar.

“Pensiýam onsuzam hiç zada ýetenok, eden söwdamyň üstüne 10 göterim goşmaça pul tölesem has kyn boljak, şu sebäpden nagt pul aljak bolýaryn” diýip, garry mama Azatlyk bilen söhbetdeşlikde jowrandy.

Şu aralykda, lebaply okyjylarymyzyň ýazmaklaryna görä, sebitde keselçilik, ölüm hadysalary köpelýär we manat, kart tölegleri bilen bagly kynçylyklar derman satyn almakda hem bir topar bökdençlik döredýär.

Aýlyklary nagtlaşdyrmak diňe Türkmenabatda däl, Maryda hem uly kynçylyk bolmagynda galýar. Geçen hepde, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna gabat gowşan maglumatlar sebitiň adamlarynyň bankyň ýanynda iki-üç gün, gijesi bilen galmaly bolýandyklaryny görkezdi.

Azatlyk ýurtdaky manat kynçylyklarynyň sebäbini anyklamak üçin Türkmenistanyň Merkezi bankyna telefon etdi, emma ol ýerden jogap alyp bilmedi. Türkmenistanyň hökümet mejlislerinde we metbugatynda ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, maliýe, manat problemalary hakynda açyk we anyk gürrüň edilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanlylar öz gazanjyny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýärler
Gara bazarda dollar aşaklaýar, ýöne gymmat bahalar saklanýar
Türkmenbaşynyň bankomatlarynda ýene-de nagt pul ýok
Ýylyň jemleri 2024:  “Ösüş sanlaryna” garamazdan, durmuş kynçylyklary saklandy, raýdaş işjeňligi artdy
Türkmenabatda bankomat sany azaldy, nobatlar köpeldi
Aşgabadyň bankomatlarynda nagt ýetmezçiligi ýitileşýär