Ozal habar berşimiz ýaly, Bahreýniň paýtagty Manamada resmi sapar bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler başlandy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, ikiçäk we giňeldilen düzümindäki duşuşyklaryň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşarlar, şeýle hem halkara we sebit derejesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Ýokary derejedäki türkmen-bahreýn gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekiler.