Malide hökümet agzalary harbylar tarapyndan göz tussaglygyna alyndy

Malide hökümet agzalary harbylar tarapyndan göz tussaglygyna alyndy

Afrika ýurdy bolan Malide aralarynda Geçiş Geňeşiniň başlygy Bah Ndaw we Premýer ministr Moktar Ouane hem bolan ýokary derejeli köp sanda ýolbaşçy ýurdyň goşuny tarapyndan göz tussaglygyna alyndylar.

Ýerli metbugatda berilen habarlarda, göz tussaglygyna alynan adamlaryň arasynda Goranmak ministriniň hem bardygy we ady agzalan adamlaryň ýurdyň paýtagty Bomako şäheriniň daşyndaky Kati diýilýän ýerde ýerleşýän harby baza alynyp gidilendigi aýan edildi.

Mali döwletinde 18-nji iýunda harby agdarlyşyk amala aşyrylypdy. Harby agdarlyşykda ýurdyň Prezidenti Ibrahim Boubakar Keita tussag edilipdi we Geçiş Geňeşiniň çäginde täze hökümet emele getirilipdi.

Beýleki tarapdan Türkiýäniň Bomako şäherindäki ilçihanasy özüniň Twitter hasabyndan Malide ýaşaýan türk raýatlaryna mejbur bolmadyklary saýyn köçä çykmazlyk we seresaplylyk bilen hereket etmekleri barada duýduryş berdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Ýemendäki Elektrik Beketlerini, Porty we Nebit Desgalaryny Bombalady
Russiýada Bombardyman Uçary Heläkçilige Uçrady
Ysraýyl, Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýylyň Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Somalide Bombanyň Ýarylmagy Sebäpli 1-i Türk 2 Adam Ýogaldy
Ysraýyl 181 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 176 Günden Bäri Gazany Bombalaýar