Maldiw adalarynda ýakyn ýyllarda ýüzýän şäherler peýda bolar

Maldiw adalarynda ýakyn ýyllarda ýüzýän şäherler peýda bolar

Maldiw Respublikasynyň paýtagty Male şäherinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän ýyly suwly kölde ýerleşdirilen täze etrapça ýaşaýyş jaýlarynyň müňlerçesini özünde birleşdirer we olarda 20 müňe çenli adam ýaşap biler. Şeýle-de onuň çäginde dünýä standartlaryna laýyk gelýän myhmanhanalary, restoranlary, butikleri we gämi duralgalaryny ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Ol altyburçluk görnüşindäki ýüzýän desgalaryň birnäçesinden ybarat bolar we dünýäde ada şekilinde döredilen ilkinji suw şäheri bolar.Bu täsin ýüzýän şäher barada islamosfera.ru saýtyna salgylanyp, azertag.az habar berýär.

Bellenilişi ýaly, suwda ýüzmegiň däp bolan maldiw medeniýetinden ylham alnyp döredilen bu taslama 2009-njy ýylda başlandy we onuň gurluşygy 2027-nji ýyla çenli doly tamamlanmaly.Bu ugurda “Waterstudio” golland arhitektura firmasy Maldiw adalarynyň Hökümeti we “Dutch Docklands” niderland döredijisi bilen hyzmatdaşlykda iş alyp barýar. Ýüzýän şäheriň taslamasy ekologik sebäpler, has anygy, ählumumy maýlama bilen baglylykda, deňziň suwunyň derejesiniň ýokarlanmagy bilen hem baglydyr. Çünki Maldiw adalarynyň 80 göterimi deňiz derejesinden bir metrdenem az bolan beýiklikde ýerleşýär. Çaklamalara görä, 2100-nji ýyla çenli arhipelagyň uly bölegi suwuň astynda galyp, ýaşaýyş üçin ukypsyz bolar. Şäheriň taslamasyny düzýän inženerlere köp sanly meseleleri, şol sanda howpsuzlygy üpjün etmek meselesini çözmeli boldular.

Munuň özi şeýle uly möçberli ýüzýän desgalary gurmakda has-da möhümdir. “Şunda ilkibaşda ähli zady, şol sanda tebigatyň güýjüni, tolkunlary, adatdan daşary howa ýagdaýlaryny, geljek 100 üçin deňziň derejesiniň ýokarlanmagyny hasaba almak zerurdyr” diýlip, “Waterstudio” firmasynyň saýtynda bellenilýär. Ýüzýän şäherde esasy ulag serişdesiniň gaýyklar boljakdygy sebäpli, bu ýerde köp sanly kanallary gurarlar. Şäherde awtoulaglar asla hereket etmez — diňe welosipedler, baggi görnüşli kiçijek maşynlar we skuterler bolar. Ýüzýän şäheriň jaýlary ýakyn wagtda satlyga çykarylar.

Aýtmaklaryna görä, onuň ilkinji ýaşaýjylary eýýäm 2024-nji ýylda bu ýere göçüp gelip bilerler.

Ýene degişli makalalar

Ýüzýän şäher gurlar
Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Maldiw adalaryna gezelenç
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
Turkish Airlines: dünýäniň islendik künjeginde Täze ýyl
“Ölmegiň wagty däl” filmi pandemiýa döwrüniň iň köp girdejili filmi boldy