Maldiw adalaryna gezelenç

Hindi ummanynda, Hindistandan, takmynan, 600 kilometr günortada ýerleşýän Maldiw adalary ak çägesi, mawy deňzi, tropik howasy, onlarça kaşaň dynç alyş ýerleri, şeýle hem deňiz derejesinden beýikde bolmadyk tekiz adalary bilen tanalýar. 298 inedördül kilometr meýdany tutýan Maldiw adalary Günorta Aziýanyň gury ýer meýdany boýunça iň kiçi ýurdy hasaplanýar.

Adanyň esasy dili ýerli maldiw dili bolup, syýahatçylar bilen düşünişmek üçin iňlis dili giňden ulanylýar. Şri-Lankanyň 750 kilometr günortasynda 1200 töweregi adadan ybarat bolan ýurduň merkezi şäheri Male dünýäniň iň kiçi paýtagty bolup, gür ilatly şäherleriň biridir.

Ada döwletiniň pul birligi maldiw rufiýasy bolup, bazarlarda, esasan, ter we kakadylan tropik miweler, deňiz jandarlarynyň gabygyndan ýasalan bezeg şaýlary we balyk satylýar.

Ýurtda hemmesi diýen ýaly biri-birine meňzeş bolan adalaryň 281-sinde ilat ýaşaýar.Adalaryň kenaryndaky ak çägeler deňiz jandarlarynyň galyndylaryndan emele gelipdir. Şol sebäpli ak çägede aşa yssy howada hem aýakýalaňaç gezip bolýar.

Aslynda bu adalara suwasty daglaryň deňziň ýüzüne çykan çür depesi diýmek hem bolýar.Adalaryň iň beýigi suwdan 2,5 metr ýokarda.Howanyň üýtgeýändigine (28-32 dereje aralygynda) garamazdan, adalaryň kenaryndaky deňiz suwy ýylyň dowamynda 24 derejede saklanýar. Ýurduň kenarlary suwasty jandarlara-da baý.

Adalaryň kenarynda deňiz jandarlarynyň tas ählisi diýen ýaly ýaşaýar.Deňizde 700-den gowrak görnüşli balyk, leňňeç we suw guşlarynyňam birnäçesi bar. Şeýle hem adada ganatyny açanynda 1,5 metre ýetýän miwe ýarganaty ýaşaýar.

Ýerli halkyň aglabasy irki döwürlerden bäri balykçylyk bilen meşgullanýar.Adalaryň arasyndaky gatnawlar ýerli gatnawlary amala aşyrýan uçarlar, suwa gonýan kiçi howa gämileri we gaýyklar bilen amala aşyrylýar. Ýurduň Halkara howa menzili paýtagt bilen adybir adanyň golaýyndaky Hulhule adasynda ýerleşýär.

Bu ýerde ýerli gatnawlar we suw uçarlary üçin niýetlenen terminal bar.Käbir adada hiç hili awtoulag bolman, welosiped sürülýär. Şeýle hem ýerli ilat ýaşamaýan, diňe myhmanhana toplumy gurlan adalar hem bar.

Futbol we badminton ýurtda iň meşhur sport görnüşleridir.

Maldiw adalaryna gämili ýa-da uçarly baryp bolýar.Syýahatçylyk pudagynda öňdäki orunlary eýeleýän ada döwletinde deňizde ýüzmek, gämili ýa-da uçarly gezelenç etmek, sport bilen meşgullanmak hem-de kenarýakalarda gijeki gezelençler ýaly çäreler hödürlenýär.

Adada restoranlaryň dürli görnüşi bolup, ýerli Aziýa naharlary, Ýewropa tagamlary, deňiz jandarlaryndan taýýarlanan iýmitler, tropik miwelerden içimlikler we işdäaçarlar taýýarlanylýar.Bulardan başga-da, Maldiw adalaryna baran syýahatçylara Dört möwsüm meýilnamasy hödürlenýär.

Maldiw adalary tomusda syýahat edilmeli iň ajaýyp ýerleriň biridir.Maldiw adalaryna ýanyň bilen öý jandarlaryny eltmek gadagan edilýär.

Ýene degişli makalalar

Maldiw adalarynda ýakyn ýyllarda ýüzýän şäherler peýda bolar
Ýüzýän şäher gurlar
Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Grodno döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistandan 67 talyp bilim alýar
Astanada ŞHG-niň Liderleriniň sammiti başlady