Malaýziýaly 7 ýyllap iPhone eltelefonyna pul süýşürdi

Malaýziýaly 7 ýyllap iPhone eltelefonyna pul süýşürdi

Malaýziýaly Muhammad Hafiz Abdul ýedi ýyllap täze iPhone 14 smartfonyny satyn almak üçin şaýylyk pul süýşürdi, olary 19 litrlik çüýşe gaba ýygnap geldi diýip, Mothership neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Onuň özüniň gürrüň bermegine görä, 2016-njy ýyldan bäri şeýle usulda pul tygşytlap başlapdyr. Ol munuň üçin suw guýulýan 19 litrlik süýşäni ulanypdyr.

Şaýylyklaryň köp bolmagy üçin Muhammad kagyz pullary böldüripdir. Ýedi ýylda çüýşäniň gyrma dolanyny görensoň, ol puluny sanap görmek kararyna gelipdir.

Bütin maşgalasy bilen 3 sagatlap şaýylyklary sanan Muhammad çüýşede 1100 dollar möçberde pul toplanandygyny anyklapdyr. Ol bu pula täze iPhone 14 smartfonyny satyn alnypdyr.

Şeýle usul bilen ýene pul süýşürmek maksadynyň bardygyny soranlarynda, malaýziýaly: Ýok, beýle usulda pul süýşürmek gaty ýadadýar diýip, jogap beripdir.

Ýene degişli makalalar

Ashgabat Open 2024 halkara ýaryşynda ýurdumyzyň tennisçileri üstünlikli çykyş etdiler
Ahal ― Pahtakor duşuşygynda VAR ulgamyndan peýdalanylar
AÇL. Pahtakor — Ahal oýnunyň esasy düzümleri belli boldy
Täjigistanda dynç alýan russiýaly jahankeşdeler köpelýär
Pakistanyň energetika ministri Türkmenistana geler
Türkmen wekiliýeti Pakistanyň energetika ministri bilen duşuşdy