Malaýziýada bank ýalňyşlyk bilen bir müşderä 90 million dollar geçirdi

Malaýziýada “Maýbank” bankynyň müşderisi Hafija Abdulla özüniň bank hasabynda 86 million dollardan gowrak puluň bardygyny görüp begenjinden uçaýjak boldy. Bu barada “Bloomberg” habar berdi.

Ýöne onuň bu şatlygy uzaga çekmedi. Ol öz hasabyndan ep-esli pul çekmekçi bolanda, bankomatyň manitorynda “ýalňyşlyk” diýen ýazgy peýda boldy.

Bankyň işgärleri bu ýalňyşlygy täze “millioner” zenanyň jemgyýetçilik torunda maliýe üstünligini paýlaşandan soň düzetdi diýlip, “Bloomberg” neşiriniň maglumatynda bellenilýär.

Hasabyna 90 million dollar geçendäki bagtly pursaty yzyna gaýtaryp bolmajakdygyna göz ýetiren zenan jemgyýetçilik torunda şeýle ýazdy: “Pul bilen bagty satyn alyp bolmaýar diýýärler, ýöne “Maýbank” lapykeçligi nädip satyn almalydygyny bilýär”.

Ýene degişli makalalar

Hytaý, TikTokyň ABŞ-daky ähli hukuklaryny we ygtyýaryny Elon Maska satmak isleýär
ABŞ Türkmenistana metan boýunça bilermenlerini iberdi
“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy
Malaýziýada bank müşderä ýalňyşyp, 86 million dollar geçirdi
ÝB Russiýa garşy täze sanksiýalar bukjasyny kabul eder
Teýlor Swift milliarderler boldy