Malaýziýada bank müşderä ýalňyşyp, 86 million dollar geçirdi

Malaýziýada bank müşderä ýalňyşyp, 86 million dollar geçirdi

Malaýziýanyň Maybank bankynyň müşderisi Hafija Abdulla öz hasabynda artykmaç 86 million dollaryň bardygyny anyklanda, gözlerine ynanmady diýip, Bloomberg neşirine salgylanýan Kun.uz saýty ýazýar.

Emma zenanyň şatlygy uzaga çekmedi, ol hasabyndan lomaýja pul çekmekçi bolanda, enjamda ýalňyşlyk diýen ýazgy peýda boldy.

Neşiriň habaryna görä, millioner bolan zenan öz şatlygyny sosial ulgamda paýlaşan dessine bank ýalňyşlygy düzetdi.

Ýene degişli makalalar

Hytaý, TikTokyň ABŞ-daky ähli hukuklaryny we ygtyýaryny Elon Maska satmak isleýär
ABŞ Türkmenistana metan boýunça bilermenlerini iberdi
“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy
Malaýziýada bank ýalňyşlyk bilen bir müşderä 90 million dollar geçirdi
ÝB Russiýa garşy täze sanksiýalar bukjasyny kabul eder
Teýlor Swift milliarderler boldy