Malaý gaz känindäki tebigy gazyň has doly gazylyp alynmagyny üpjün etmek maksady bilen bu ýerde kuwwatly gaz gysyjy desga guruldy.Bu iri taslama Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 22-nji awgustynda gol çeken Kararyna laýyklykda buýrujy Türkmengaz döwlet konserni bilen gurluşygyň baş potratçysy Petro Gaz LLP (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda durmuşa geçirildi.
Iri desganyň işe girizilmegi Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar ― diýip, Türkmen gündogary gazeti habar berýär.
Täze gaz gysyjy desganyň kuwwatlylygy ýylda tebigy gazyň 30 milliard kub metrini akdyrmaga barabardyr.Desga önümçilik bölümleriniň ikisinden ybarat bolup, onuň A sehi Malaý gaz käniniň özleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Ol gaz käniniň düşýän basyşynyň we göwrüminiň derejesini saklamaga niýetlenilendir.Munuň üçin gaz gysyjy enjamlaryň toplumlary gurnaldy.Desganyň B sehi bolsa Üçajy gaz käninden, Döwletabat we Galkynyş gaz känlerinden gelýän tebigy gazyň basyşyny galdyrmaga niýetlenilip, onda hem gaz gysyjy enjamlaryň toplumlary gurnaldy.
Häzirki günlerde gaz gysyjy beketde enjamlaryň goýberiş-sazlaýyş işleriniň tamamlaýjy tapgyry dowam edýär.Munuň özi desganyň işe girizilmäge doly taýýar edilendiginden habar berýär.
Täze toplumda Fransiýa, Italiýa, Malta döwletleriniň bu ulgam üçin ýokary netijeli we ygtybarly enjamlary ornaşdyryldy. Çylşyrymly desganyň enjamlaryny gurnamak we işe taýýar etmek işlerine türkmen hünärmenleri işjeň gatnaşdylar. Olar täze ýerde zähmet çekmek üçin zerur iş tejribesini we gerekli hünär taýýarlygyny hem geçdiler.
Tutýan meýdany 11 gektardan gowrak bolan beket önümçilik desgalary bilen birlikde elektroenergiýa üpjünçiligi ulgamlaryny, edara-hojalyk, kömekçi jaýlary, operatorlar üçin binalary, ýangyn söndüriji bölümi we mehaniki ussahanalary, ýangyç we impuls gazy taýýarlaýan, azot we kislorod öndürýän bölümleri we beýlekileri öz içine alýar.