Malatýa Şäher Häkimliginiň Sport Komandasynyň Iki Türgeni Ýer Titremesinde Ýogaldy

Malatýa Şäher Häkimliginiň Sport Komandasynyň Iki Türgeni Ýer Titremesinde Ýogaldy

Malatýada harabalygyň aşagynda bolan Malatýa şäher häkimliginiň sport komandasynyň iki milli woleýbolçysy Mehmet Jan Agyrbaş bilen Eminjan Kojabaş halas edilip bilinmedi.

Türkiýe Woleýbol federasiýasynyň woleýbol bäsleşiklerine gatnaşýan Malatýa şäher häkimliginiň sport komandasynyň türgenleriniň bolýan myhmanhanasy ýer titremesinde ýykyldy.

Gözleg we halas ediş işlerinde harabalygyň aşagynda galan iki woleýbolçynyň jesedi çykaryldy.

Türkiýe Woleýbol federasiýasyndan berlen beýannamada, “Ýurdumyzda bolan ýer titremesinde Malatýa şäher häkimliginiň sport komandasynyň iki milli woleýbolçysy Mehmet Jan Agyrbaş bilen Eminjan Kojabaşyň ýogalmagyna uly gynanç bildirýäris. Türgenlerimize Alladan rehnet dileýäris. Hossarlaryna, Malatýa şäher häkimliginiň sport komandasyna we ähli woleýbolçylara gynanç bildirýäris” diýildi

Ýene degişli makalalar

Rasizada Hüseýin Jawid
Abdulhamit Süleýman Çolpan
“Turksat 6A” -nyň ilkinji synag ýaýlymy üstünlikli tamamlandy
Ministr Şimşek Katarly Maýadarlar Bilen Duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mehmet Şimşek Katara we Kuweýde sapar gurar
Mustafa Ali Mehmet