Maksim Kazankow ýene toparyny täzeledi

Maksim Kazankow ýene toparyny täzeledi

Russiýanyň GOATS mediýa futbol topary hüjümçi Maksim Kazankowyň düzüme goşulandygyny habar berdi. Muny toparyň baş tälimçisi Dmitriý Gradilenko hem tassyklady.

Kazankow ozal Naşih Parneý toparynda futbol oýnaýardy. Onuň täze topary Winline Medialiganyň üçünji dwizionynda ýaryşar.

Kazankow Winline Medialiganyň ikinji dwizionynda bäş gezek tapawutlandy. Şol gollaryň üçüsi 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi. Kazankow ligada iň kän tapawutlanan futbolçylaryň onlugyna girdi.

36 ýaşly Kazankow Aşgabatda doguldy. Ol paýtagtyň Nisa, Köpetdag we Aşgabat toparlary bilen ýurduň çempiony boldy we Naýbaşy kubogy gazandy.

Kazankow karýerasynda 10 gowrak topary çalyşdy.

Ýene degişli makalalar

5-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Senagatbank futzal topary ligada we kubok ýaryşynda üstünlikli çykyş etmegi maksat edinýär
Serhio Buskets Inter Maýamide Messiniň topardaşy boldy
Ýaponiýada çereşnýanyň seýrek görnüşi 3,5 müň dollara satyldy
Röwşen haryt nyşanynyň erkek aýakgaplarynyň VIP-toplumy täze nusgalar bilen dolduryldy
Futzal, Naýbaşy liga ― 2023: Senagatbank Deňizçiden soň Köpetdagyň hem badyny haýallatdy