Aşgabatda 6-8-nji dekabr aralygynda 10 ýaşdan ýokary ýaşdaky çagalar we ýaşlar üçin Maksatly nyşan okuw merkezi tarapyndan guralýan ders olimpiadasy geçirilýär. Bu çäre zehinli mekdep okuwçylaryny we talyplary ýüze çykarmaklyga we olaryň aň-paýhas taýdan ösmekleri üçin degişli şertleri döretmäge ýardam etmeklige gönükdirilendir.
Ders olimpiadasynyň guramaçylary tarapyndan dört sany okuw dersi boýunça synaglaryň giň maksatnamasy taýýarlanyldy: iňlis dili, rus dili, himiýa we biologiýa. Gatnaşyjylardan dürli görnüşli bäsleşik tabşyryklaryny ýerine ýetirmeklik talap ediler.
Olimpiadanyň aýratynlygy bäsleşikde üstünlik gazanan gatnaşyjylar üçin okuwy goldamagyň höweslendiriji ýeňillikler ulgamy bolar. Iň oňat netijeleri görkezen olimpiadanyň ýeňijileri Maksatly nyşan okuw merkezinde şu aşakdaky ýeňilliklere eýe bolup bilerler:
100 ball toplanlara 100% ýeňillik
95-99 ball toplanlara 50% ýeňillik
80-95 ball toplanlara 40% ýeňillik berler.
Olimpiadanyň netijelerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy 8-9-njy dekabrda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Olimpiada gatnaşmak isleýänler 6-njy dekabrda sagat 12:00-a çenli ýüz tutup bilerler. Synag çäresine gatnaşmagyň şertleri hem-de maglumatlar barada Maksatly nyşan okuw merkezinden alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Maksatly nyşan okuw merkezi ähli isleg bildirýänleri öz bilimlerini barlamaga we mugt okamak mümkinçiliginden peýdalanmaga çagyrýar!