Maksatly nyşan okuw merkezi çagalary Täze ýyl baýramçylygyna çagyrýar

Maksatly nyşan okuw merkezi çagalary Täze ýyl baýramçylygyna çagyrýar

Maksatly nyşan okuw merkezi Aşgabadyň ähli ýaş ýaşaýjylaryny şowhunly Täze ýyl baýramçylygyna çagyrýar! Size uzak wagtlap ýatda galjak ýakymly duýgular, joşgunly tanslar we gyzykly oýunlar garaşýar.

Aýaz baba bilen köpden bäri garaşylýan duşuşyk we sowgat gowşurmak dabarasy baýramçylygyň iň ýakymly pursaty bolar. Ýaş gatnaşyjylar üçin guramaçylaryň taýýarlan garaşylmadyk sowgatlary olary diýseň begendirer.

Çäre 15-nji dekabrda geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin 6 12 ýaş aralygyndaky çagalar çagyrylýar.

Gatnaşmagyň şertleri we düzgünleri barada goşmaça maglumat almak isleýän ene-atalar aşakdaky maglumatlar arkaly habarlaşyp bilerler:

Ýene degişli makalalar

Raýatlar Täze ýyla taýýarlyk çärelerine çekilýär
Aral deňzi boýunça sebitleýin maslahat
18-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Aşgabatda Aral deňzi boýunça sebitleýin maslahat geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň orta hünär okuw mekdepleriniň tejribesini öwrendi