Maks Werstappen Azerbaýjanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

Maks Werstappen Azerbaýjanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

“Red Bull” toparynyň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” klasynyň awtoýaryşlary boýunça dünýä çempionatynyň sekizinji tapgyry bolan Bakuwda Azerbaýjanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ikinji orny onuň topardaşy meksikaly Serhio Peres, üçünji orny britaniýaly Jorj Rassel (“Mersedes”) eýeledi diýip, interfax.ru habar berýär.

Saýlama tapgyrynda iň gowy wagty görkezen we poul-pozişnden badalga alan “Ferrariniň” sürüjisi Şarl Lekler, deslapky maglumatlara görä, hereketlendirijide ýüze çykan näsazlyk sebäpli distansiýadan çykmaga mejbur boldy.Onuň topardaşy Karlos Saýns hem şeýle ýagdaýa düşdi.

Werstappen 150 utuk gazanyp, şahsy sanawda liderligini berkitdi.Ikinji orna Peres geçdi (129), Lekler üçünji orna düşdi (116).Konstruktorlaryň kubogynda birinji orny “Red Bull” (279 utuk) eýeleýär, onuň yzyndan “Ferrari” (199), üçünji orunda “Mersedes” (161) gelýär.

Ýene degişli makalalar

Werstappen Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisiniň sprint ýaryşynda ýeňiji boldy
Ferrariden Lekler Formula-1-de Awstraliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi
Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Werstappen Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy
Werstappen Belgiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy