Makron, yslama garşy öňki pozisiýasyndan yza çekildi

Makron, yslama garşy öňki pozisiýasyndan yza çekildi

Giňden ýaýran musulmanlaryň protestleriniň yzy bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron öňki pozisiýasyndan yza çekildi .

Fransiýada yslama garşy hereketleriň dowam etdirilmeginden, Çarli Hebdo tarapyndan Pygambere (saw) kemsidilen multfilmleriň yzygiderli çap edilmeginden söz azatlygy bahanasy bilen Prezident Emmanuel Makronyň hemaýaty ýurduň içinde zorlukly reaksiýalary döretdi we musulmanlaryň arasynda giňden ýaýran protestlere sebäp boldy. Şeýlede musulmanlar Dünýäde fransuz harytlaryny baýkot etmegi ara atdylar.

Bu faktorlaryň jemi Makrony öňki pozisiýasyndan yza çekilmäge mejbur etdi.Al Jazeera bilen geçirilen söhbetdeşlikde Emmanuel Makron musulmanlaryň kemsidiji multfilmleriň çap edilmegine bolan duýgularyna düşünýändigini aýdyp, öňki pozisiýasyndan aç-açan yza çekildi.

Multfilmleriň döwlet taslamasy däldigini, erkin, garaşsyz we döwlete degişli bolmadyk gazetlerden gelendigini öňe sürdi.

Makron , häzirki giňden ýaýran reaksiýalaryň sebäbiniň ýalandygyny we ýoýulmalaryň esasynda kemsidiji multfilmleri goldaýandygyny köpçüligiň pikiriniň tarapyndan bolandygyny öňe sürdi.Makron, söz azatlygy bahanasy bilen we şol bir wagtyň özünde-de agyr ýagdaýlarda mukaddes pygamberiň (saw) kemsidilmesini goramakdaky berk we paýhassyz pozisiýalary sebäpli Fransiýanyň içinde we daşynda giňden ýaýran basyşlara we tankytlara sezewar bolana meňzeýär.

Korona epidemiýasy sebäpli ýüze çykan ykdysady krizis, fransuz kompaniýalaryna uly zarba urup biljek yslam ýurtlarynda fransuz harytlarynyň boýkot edilmegine, şeýle hem yslama garşy hereketlere jogap hökmünde Fransiýanyň içinde zorlukly hüjümleriň köpelmegine sebäp boldy we şonuň uçin ol öňki garaýşyndan yza çekilmekden başga çäresi ýokdy.

Makron şenbe güni arap we fransuz dillerinde twit ýazdy: "Soňky günlerde sosial ulgamlarda gören we eşiden zatlarymyň tersine, biziň ýurdumyzda hiç bir din bilen baglanyşykly mesele ýok".Muňa garamazdan, ozalky beýanatlarynda yslamy krizisdäki din hasaplaýardy. 2-nji oktýabrda yslamçylygy öldüriji ideologiýa hökmünde häsiýetlendirip: "Yslam häzirki wagtda bütin dünýäde krizisde durýan din, biz ony diňe öz ýurdumyzda göremzok" -diýdi. Şeýlelik bilen, Fransiýanyň prezidentiniň yslama oňyn garamaýandygy we bu meselede yslamçylyga garşy göreşmek we Yslamy we Pygamberimizi (saw)-y peseltmek ugrundaky her bir çäräni goldaýandygy aýdyňdyr.

Bu çäreler, Yslam pygamberiniň (saw) mukaddes şanyna ,musulmanlary Fransiýadan kowmak, metjitleri we yslam merkezlerini ýapmak, dünýewiligi güýçlendirmek baradaky kanun taslamasyny hödürlemekden ybaratdyr we esasy maksady fransuz jemgyýetinde yslamy peseltmekdir.

Angliýanyň Yslam Adam Hukuklary Geňeşiniň başlygy Masud Şäjräniň pikiriçe: Makron Yslamy aç-açan nyşana aldy we "Yslam krizisde diýdi,emma aslynda Fransiýa we Ýewropaly syýasatçylar krizisdedir.

Makron köp zat etmäge mejbur boldy ,Geçmişde ekstremist we populist toparlaryň we şahsyýetleriň sesini alyp, gaýtadan saýlanmagy üçin jynsparazlyga we yslamofobiýa ýüz tutdy. Şeýle-de bolsa, dünýädäki musulmanlaryň jogaby we fransuz harytlaryna sanksiýa girizilmegi Makrony hasam kynlaşdyrdy we musulmanlar prezidentiň Yslam ýurtlarynda ozal fransuzlara garşy duýgusyna garamazdan, fransuz resmilerinden resmi ötünç soramagyny islediler.

Makron arap we iňlis dillerinde twitter arkaly Fransiýanyň yza çekilmegine hiç zat sebäp bolmaz diýdi.Yslam dünýäsiniň Makronyň yslama garşy çykyşyna garşy birleşen pozisiýasynyň ony öňki pozisiýalaryndan çekilmäge mejbur edendigi indi düşnükli.

Beýleki tarapdan, Fransiýa soňky günlerde ýurtda dowam edýän anti-yslamçylyga garşy ýygy-ýygydan zorluk hereketlerini gördi we Fransiýanyň Içeri işler ministri geljekde hüjümleriň köpelmeginiň ähtimallygy barada aç-açan çykyş etdi.

Bu, elbetde, Makrona we partiýasynyň Fransiýanyň syýasy arenasyndaky meşhurlygyna ýaramaz täsir eder we onuň syýasy dünýägaraýşyna zyýan ýetirer. Şeýlelikde, Makronyň öňki aýdanlaryna täzeden garamakdan başga çäresi ýokdy.

Ýene degişli makalalar

Parižde abatlanan Notr-Dam baş ybadathanasy açyldy
“Putin Parahatçylyk Islemeýär”
Notr-Dam ybadathanasy açylar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Er-Riýadda Bitewi suw sammitine gatnaşdy
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Asylly işler rowaçlyklara beslenýär